Makalalar

Şahyr Altyn Baýramdurdyýewa

https://ussatnews.com/storage/posts/2193/original-1618568ca75b84.jpeg

Şahyr Altyn Baýramdurdyýewa öz şygyrlarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini joşgunly wasp edýär. Şahyr zenanyň mähriban Diýarymyz, Gahryman Arkadagymyz, eziz halkymyz, ýurdumyzyň ajaýyp tebigat gözellikleri, yşk-söýgi hakdaky goşgulary, durmuş öwrümindäki çuňňur oýlanmalary gaýtalanmajak röwüşde şirin duýgulara siňip, okyjylaryň kalbyna barýan ýoly tapýar.

Biz hem ussatnews.com elektron gazetimiziň okyjylaryna Altyn Baýramdurdyýewanyň birnäçe goşgularyny hödürlemegi makul bildik.

Ata Watan bagtym meniň, işleriň rowaç, Arkadag!

Duýgy dünýäsine düşüp, paýhaslanyp şygra uýup,

Ylham jylawyndan tutup, «Sungatym baýlygym» diýip,

Arkadagly güller açýan zamanany jandan söýüp,

Joşgunyma joşgun berýän, ylhamyma ylham goşup,

Päk ýürekden päk maksadym, täze arzuwlarda joşup,

Ata Watan bagtym meniň, ýollarma çyrag, Arkadag!

Her ädimde, her demimde şükürlidir dilim meniň,

Bagymyzda saýrap guşlar, gunçalady gülüm meniň,

Bereketden alyp paýyn, rysk, bolçulyk günüm meniň,

Döwletime guwanýarlar halk, il-gün ýolum meniň,

Güller ysyny kükedip, lälezardyr ýazym meniň,

Ata Watan bagtym meniň, dowamat dowam, Arkadag!

Döwür ajap, döwran ajap, Arkadagyň saýasynda,

Öýler gurap, toýlar tutup, zamananyň aýasynda,

Bak, türkmene, nazar aýla, güller açýan ýaýlasynda,

Bagtym görýän, erkin gezýän, ajap çagly ýazlagynda,

Gül Diýarda, gül durmuşda joşup-joşup boýlarymda,

Ata Watan bagtym meniň, ýollaryň dowam, Arkadag!

Durky bilen gül-gülzarlyk, ak mermerden jaýlar munda,

Tebigat güle beslenen, göwün açan çaglar munda,

Günüň çogly güneşinden şerbet bally baglar munda,

Bilbilleň sesine ören ilim-günüm aman munda,

Eşrepi dek bagt munda, ýollaryň dowam, Arkadag!

Ata Watan bagtym meniň, işleriň rowaç, Arkadag!

Dillermize sena bu gün, baky Bitaraplygmyz

Bitaraplyk — parahatlyk, asudalyk, jebislik,

Bitaraplyk — agzybirlik, ýurtda doganlyk-dostluk,

Arkadagly ata Watan, halklara göwün hoşluk,

Toý lybasly Diýarymyň çar künjegi toý-şatlyk,

Dillermize sena bu gün, baky Bitaraplygmyz.

Goýnuň misli jennetdir, gülşendir, bagdyr, Watan,

Garagumum gyzylly hum, baýlygyň dagdyr, Watan,

Garaşsyz hem Bitarap ýurt, ajaýyp çagdyr, Watan,

Diýar toýa şaýlanyp, şahandaz halk ýazdyr, Watan,

Aýdym bolup ýaňlanýar, baky Bitaraplygmyz.

Tuguň belentde parladyp, dünýäni goýduň haýran,

«Döwlet adam üçindir!» şygaryň kalba ýaýran,

Bagtyýarlyk, Berkararlyk güllerin saçyp çar ýan,

«Halkyň bagty, bagtym» diýip, halkyny belent söýýän,

Arkadagly, ajap çagly, ýaňlan, Bitaraplygmyz.

Garaşsyz sen, Bitarap sen, abraýyň Arşa galan,

Ata Watanmyň kuwwaty, geljege şugla salan,

Ýaşyl Tuguň belent parlap, dünýäň gujagna dolan,

Dost-doganlyk goldawy, halklary mähre çoýýan,

Dünýä ýüzne şugla saçýar, Gün deý Bitaraplygmyz.

Topragy nur, hazyna, pellerinden altyn önýär,

Ak bugdaý harmany, gör-ä, bu gün daga dönýär,

Halallykdan bagt tapan daýhanlara il guwanýar,

Arkadagyň goldawyndan ene ýer zere öwrülýär,

Bereket bolçulyk bagty, baky Bitaraplygmyz.

Dury asman deý bagtymyz, gökde gurduk tagtymyz,

Bolçulygyň mekany bu, Arkadagly bagtly biz!

Bagt deňizi lowurdap, münewwer deý ýagty biz,

Toý gününi joşdurýar, «Küştdepdili» tansymyz,

Arkadagyň ak ýoly, baky Bitaraplygmyz.

Arkadagyň kitaplarny okamda!

Kalbyma müň şatlyk, milli ruh çaýýar,

Arkadagyň kitaplarny okamda!

Gudrat kerem bolup, ganatyn ýaýýar,

Arkadagyň kitaplarny okamda!

«Türkmen medeniýeti» ylhamym joşdyr,

Milli sungat arşdan-arşlara aşdyr,

Ruhy dünýämize göwherdir, gaşdyr,

Arkadagyň kitaplarny okamda!

«Ile döwlet geler bolsa» bir mukam,

Biz dek sazy ezizleýän barmykan?!

Aýdym-sazly, toýly gülleýär mekan,

Arkadagyň kitaplarny okamda!

Her bir harpy altyn-zerden ýazylan,

Her bir sözi dürdäneden düzülen,

Oguzhanyň paýhasyna bezelen,

Arkadagyň kitaplarny okamda!

Kitap edep mekdep hemmeler üçin,

Uly-kiçi, garry-ýaş — ýeneler üçin,

Watan, Ýaşyl Tugum, mertebäm üçin,

Arkadagyň kitaplarny okamda!

Ynsana toý sowgat, ümmülmez eser,

Paýhasyň ummany göwher deý öwser,

Kalbyňa bakylyk maýasyn seper,

Arkadagyň kitaplarny okamda!

Başga makalalar
167640d040aa48.jpeg
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR

Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.


16763142fb612d.jpeg
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.


166d54214e46ff.jpeg
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji

Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

166a501481866d.jpeg
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.


166869e1423b02.jpeg
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär

Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.