Makalalar

Daşky gurşawy goramaklyga uly üns berilýär

https://ussatnews.com/storage/posts/2224/original-1618b9cb44b0c4.jpeg

Biziň ýurdumyz örän wajyp ekologik ähmiýetli halkara hukuk namalary bolan hem-de atmosferada bugly gazlaryň toplanylmagynyň durnuklaşdyrylmagyna we dünýäniň klimatynyň antropogen täsiriniň peseldilmegine gönükdirilen Howanyň üýtgemegi baradaky BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasyny, Pariž ylalaşygyny tassyklamak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýär. Howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýa howanyň üýtgemegi hem-de onuň ýetirýän oňaýsyz täsirleri bilen baglanyşykly meseleler boýunça toplumlaýyn döwlet maksatnamasyny kemala getirmek hem-de ony durmuşa geçirmek üçin binýatdyr. Garaşsyz ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek bu strategiýanyň ilkinji nobatdaky wezipesidir, munuň özi howanyň üýtgemegine ýetirilýän täsiri peseltmäge mümkinçilik berer hem-de döwletimiziň ykdysady, azyk, suw we ekologik howpsuzlygynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam eder.

Ösen senagat ýurduna öwrülýän Türkmenistanda gurlup, işe girizilýän önümçilikler ylmyň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilýär. Olar daşky gurşawa ýetirilýän ýaramaz täsiriň öňüni alýar. Serişde tygşytlaýjy, innowasiýa ugurly «ýaşyl» milli ykdysadyýetiň kemala getirilmeginde senagat pudagynda işjeň ornaşdyrylýan häzirki zaman tehnologiýalary, howany hapalaýan maddalaryň zyňyndylaryna seljermäniň hem-de gözegçiligiň netijeli ulgamy bug gazlarynyň zyňyndylarynyň çäklendirilmegine gönüden-göni ýardam berýär.

Jeren ROZYBAÝEWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinyň talyby.

Başga makalalar
169cccd28c36ec.jpeg
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.


1699c18b017e55.jpeg
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.


16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.

16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.


169775e66ee8e5.jpeg
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor

Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.