Makalalar

Berkarar döwletiň bagtyýarlygy

https://ussatnews.com/storage/posts/2228/original-1618c14b4c7904.jpeg

Berkarar döwletiň bagtyýarlygy

Ýüreklere aýdym bolup barýandyr,

Berkarar döwletiň bagtyýarlygy.

Geljege ynamly gadam urýandyr,

Berkarar döwletiň bagtyýarlygy.

Bagtyýarlyk rowan uzak ýollara,

Dostlaşdyryp bizi ulus-illere,

Şatlygyn paýlaýar ähli halklara,

Berkarar döwletiň bagtyýarlygy.

Özgerýär bu Diýar, özgerýär zaman,

Arkadagly ajap illerim aman,

Geldi sowulmajak ajaýyp döwran,

Berkarar döwletiň bagtyýarlygy.

«Döwlet adam üçindir!» baş şygarmyz,

Ak şäher Aşgabat gül, bagy-bossan,

Şatlyga ýugrulyp, ýat bolar gussaň,

Berkarar döwletiň bagtyýarlygy.

Baky söýeliň!

Söýülende gözel bolýar ähli zat,

Geliň, bu barlykda baky söýeliň!

Söýgi bilen göwün tapýandyr myrat,

Didelerde söýgi mährin duýalyň!

Mähir umman bolsun, gansyn her teşne,

Söýgi baky bolsun, girip bir keşbe,

Bu Zemini baky öwürýän yşka,

Paslyň köräp gelen ýazy bolalyň!

Dahan şirin bolsun, göwnümiz açyk,

Açylsyn bägüller anbar ys saçyp,

Bu düýäniň barça kynlygyn geçip,

Geliň, ýaşaýyşy baky söýeliň!

Söýeliň, günleri täç edip başa,

Arzuw puç bolmasyn, öwrülip düýşe,

Söýgi, sen köňülde müdimi ýaşa,

Geliň, bir-biregi baky söýeliň!

Hiç bir ynsan mähre mätäç bolmasyn,

Ene däl-de, goja daglar garrasyn,

Her ene apalap söýsün balasyn,

Bizem eneleri baky söýeliň!

Ýaşasyn guşlaryň mahmal owazy,

Bu ses ejem janyň hüwdüsi ýaly,

Şolar bile biziň dünýämiz doly,

Şol doly dünýäni baky söýeliň!

Söýüň bu topragy, söýüň Watany,

Watan söýdügiňçe beýgelder seni,

Munda ýaşaýyşyň dogaly demi,

Geliň, bu Watany baky söýeliň!

Güýzüň keşbi

Sag bol, güýzüm, näzik duýgulaň üçin,

Gujagyňda şady-horram gezýärin.

Ýapraklaryň tänip gaçany üçin,

Gussaňy paýlaşyp, şygyr düzýärin.

Boşap galan agaçlaryň düýbünde,

Seniň her pursadyň bagra basýaryn.

Sen gidersiň, dünýäm aňzaga berip,

Şoň üçin men seni mäkäm gysýaryn.

Uzak gije tans oýnady güýz ýagşy,

Meger baglar derdin egsip ýeňländir.

Şahalaň gözünden daman gözýaşy,

Ýapraklar öz aýasynda gizländir.

Suwsuzlykdan gandyrjak deý dünýäni,

Güýçli ýagyş ýapraklara urunýar.

Bu gün älem sary reňke boýalyp,

Onda güýzüň ajap keşbi görünýär.

Aýparça AKYMOWA,

«Maru-şahu-jahan» gazetiniň uly habarçysy.

Başga makalalar
16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.


16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.


169775e66ee8e5.jpeg
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor

Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.

1696bb3018965b.jpeg
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy

Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.


16950f2f47f594.jpeg
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi

Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.