Uzynadada ýene bir guýy önüm berdi
Ýurdumyzyň uglewodorod serişdeleriniň goruny artdyrmak işine «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň başarjaň işgärleri saldamly goşant goşýarlar. Golaýda baýlyk agtaryjylaryň Uzynada meýdançasynda burawlan gözleg-barlag guýusyndan çig malyň senagat akymy alyndy.
Bu möhüm buýurmany ekspedisiýanyň tejribeli işgäri, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» medalynyň eýesi Halmyrat Rozyýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän buraw desgasynyň hünärmenleri ýokary hilli ýerine ýetirdiler.
— Biz birnäçe ýyldan bäri Uzynadada giň gerimli işleri alyp barýarys. Şu döwre çenli guýularyň ikisini burawlamak işini üstünlikli tamamladyk. Olardan nebitdir tebigy gazyň uly gorlarynyň tapylmagy buýsanjymyzy artdyrýar. Gazanýan üstünligimiz bolsa ýetip gelýän hünär baýramymyza mynasyp zähmet sowgadymyz bolar — diýip, Halmyrat Rozyýew buýsanç bilen gürrüň berýär.
Ekspedisiýanyň işgärleriniň hünär ussatlygy-da, ýerine ýetirijilik düzgün-nyzamy-da örän ýokary derejede. Şol sebäpli olara has jogapkärli buýurmalary ýerine ýetirmek wezipesi ynanylýar. Baýlyk agtaryjylar soňky ýyllarda ýeriň has çuň gatlaklaryna ynam bilen aralaşmaga, çuň guýulary üstünlikli burawlamaga başladylar. Şeýle oňyn özgerişlik olaryň daşary ýurtlarda öndürilen kuwwatly buraw enjamlary bilen üpjün edilmegi, işiň täzeçe usullaryna we öňdebaryjy tejribelere giňden daýanylmagy netijesinde mümkin boldy. Halmyrat Rozyýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän desganyň agzalary 6860 metr çuňlukda önümli gatlaga ýetdiler. Ilkinji hasaplamalar guýynyň önüm berijiliginiň bir gije-gündizde tebigy gazyň 120 müň kubmetrine, nebit kondensatynyň bolsa 105 tonnadan gowragyna barabardygyny görkezdi.
Möhüm buýurmany bellenilen möhletinde gowy hilli ýerine ýetirmekde buraw ussalary Yslam Soltanow, Myrat Joraýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän toparlaryň agzalary tutanýerlilik görkezdiler. Işleriň ilerlemeginde meýdan geology Penji Abdyllaýewiň hem hyzmatynyň uly bolandygyny ekspedisiýanyň ýolbaşçylary guwanç bilen nygtaýarlar.
Ekspedisiýanyň baş geology Sünnetbaý Hatamow Uzynadada möhüm işleriň üstünlikli dowam etdirilýändigini gürrüň berdi. Häzirki wagtda buraw ussasy Farhat Rozybaýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän toparyň agzalary taslama çuňlugy 7600 metre barabar bolan ýene bir guýyny burawlaýarlar. Ýeri gelende aýtsak, munuň özi ýurdumyzda burawlanylýan iň çuň guýudyr. Toparyň agzalary şu döwre çenli 5,5 müň metr çuňlugy üstünlikli geçdiler. Halmyrat Rozyýewiň ýolbaşçylygyndaky desganyň agzalary bolsa ýakyn döwürde bu meýdançada ýene bir guýyny burawlamaga girişerler.
— Hormatly Prezidentimiz biziň öňümizde ýurdumyzyň baýlyk goruny artdyrmak, täze meýdançalary senagat taýdan özleşdirmek boýunça anyk wezipeleri kesgitledi. Biziň agzybir we başarjaň hünärmenlerimiz şol belent wezipeleri abraý bilen berjaý etmek ugrunda tutanýerli işleýärler. Meýdan şertlerinde ýokary öndürijilikli zähmet çekmek, amatly ýagdaýda dynç almak üçin ähli şertler bar. Biz geljekde hem ýeriň çuň gatlaklaryndaky bol çig mally ýataklaryň üstüni açmak bilen watandaşlarymyzy begendireris — diýip, S.Hatamow ynam bilen aýdýar.
Mämmetgylyç KÜTIÝEW,
Ussatnews.com.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor
Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.