Ýapon alymlary saç dökülmegine garşy göreşmegiň täze usulyny tapdylar
Ýapon alymlary sütün öýjükleriniň kömegi bilen saç dökülmesine garşy göreşmegiň täze usulyny tapdylar. Bu barada health.sm.news habar berdi.
Ýaponiýaly barlagçylar topary sütün öýjüklerinden saç follikulasynyň täze görnüşini döretdiler. Olaryň esasy wezipesi, hatda saçlar doly düşüp gutaran hem bolsa, täzeden ösüp bilmek ukybydyr. Bular barada “Nature Scientific Reports” ylmy žurnalynda beýan edildi.
Adamyň saçynyň ösmeginiň döwürleýin, ýagny siklleýin hadysadygy anyklanyldy. Düşen saçlaryň ýerine ir-u-giç täze, sagdyn saçlar çykmaly. RIKEN biologiki ulgamlaryň dinamikasy boýunça barlag merkeziniň täze işläp taýýarlamasynda bu aýratynlyk gaýtadan döredildi, şonuň üçin geljekde ony derini bejermek üçin ulanmaga rugsat berler.
Häzirki wagta çenli bu tehnologiýany diňe syçan sütüklerinde we murtlarynda barlamak başartdy. Ýöne ýakyn wagtda alymlar dökülen saçlary dikeltmegiň täze usulynyň kliniki synaglaryna adamlarda başlamak üçin hyzmatdaş tapmagy meýilleşdirýärler.
Rahmanmuhammet NURMUHAMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor
Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.