“Türkmentel — 2021” türkmen halkynyň maddy üpjünçiliginiň we abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir
Paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2021” atly XIV halkara onlaýn maslahatyna nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň maýa goýum babatda özüne çekijiligi onuň durmuş-ykdysady görkezijilerine halkara işewür toparlaryň berýän ýokary bahasy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan parasatly syýasatynyň netijesinde halkymyzyň durmuş-hal ýagdaýynyň ýokary derejelere çykarylmagy bilen şertlendirilendir.
Ýurdumyzda aragatnaşyk ulgamlaryny we telekommunikasiýa tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça täze taslamalar hem türkmen halkynyň maddy üpjünçiliginiň we abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Şeýle meýilnamalaryň bolmagynyň özi iri daşary ýurt maýadarlarynda aýratyn gyzyklanma döretdi.
Onlaýn maslahatyň çäklerinde dürli ýurtlarda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ösdürmegiň täze ugurlary barada aýdyldy. Dünýäde interneti ösdürmäge täsir edýän öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň geljegine uly üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, “TürkmenÄlem 52oE” milli aragatnaşyk hemrasyny ulanmagyň çäklerini giňeltmek meselesi hem forumyň mowzuklarynyň biri boldy. Pikir alyşmalaryň barşynda hünärmenler häzirki zaman hemra tehnologiýalaryny ulanmagyň dürli ugurlaryny, milli hemra aragatnaşyk ulgamynyň tehniki we maglumat üpjünçiligi bilen bagly meseleleri, üstaşyr telekommunikasiýa hyzmatlaryny guramak babatda onuň ähmiýetinidir mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu babatda tebigy desgalary öwrenmekde ýeri uzak aralykdan zond arkaly barlamagyň we geomaglumat tehnologiýalarynyň maglumatlaryny ulanmagyň, milli ösüşiň bähbidine ýer üstüni seljermegiň mümkinçilikleri barada çykyşlar diňlenildi.
Aýry-aýry çykyşlar Türkmenistanyň Merkezi Aziýada täze hemra aragatnaşyk operatory hökmündäki ornuna bagyşlandy hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine garaldy.
Daşary ýurtly foruma gatnaşyjylar türkmen kärdeşleri bilen giň hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny beýan edip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns we goldaw bermegi netijesinde ýurdumyzda döwrebap pudaklaýyn düzümleriň, innowasiýa işi üçin döredilen mümkinçilikleriň we şertleriň bardygyny bellediler.
Foruma gatnaşyjylar diňe bir aragatnaşyk toplumynyň esasy ugurlaryny ösdürmegiň häzirki ýagdaýy we geljegi baradaky maglumatlary alyşmak bilen çäklenmän, eýsem, hemra kommunikasiýa tehnologiýalary we programma önümleriniň bazary, sanlylaşdyrma, kiberhowpsuzlygy üpjün etmekde döwrebap çemeleşmeler, sebitde halkara magistral göwrümini ösdürmek we sanly transformasiýany çaltlandyrmagyň meýilleri boýunça pikir alşyp, mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň görnüşlerini we maýa goýum mümkinçiliklerini kesgitlediler.
Güljemal ARRYKOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.