Makalalar

Dünýäde iň gymmat ýeralma frisi taýýarlanyldy

https://ussatnews.com/storage/posts/2285/original-1619407dd30499.jpeg

Amerikanyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän «Serendepity» restoranlarynyň birinde dünýäde iň gymmat ýeralma frisi taýýarlanyldy. Has dogrusy, bir adamlyk ýeralma frisiniň bahasy ABŞ-nyň 200 dollary möçberinde bahalanypdyr. Şeýlelikde, bu iýmit dünýäniň iň gymmat frisi hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Iýmiti taýýarlamak üçin ussat aşpezler gymmat çakyr, ýörite sirke, şeýle-de trýufel ýagyny ulanypdyrlar.

Ýeri gelende bellesek, «Serendepity» restoranlary mundan öň hem iň gymmat buzgaýmak (ABŞ-nyň 1000 dollary) hem-de gamburger (ABŞ-nyň 295 dollary) taýýarlap, rekord goýmagy başarypdy.

Taýýarlan Begenç GURBANOW,

Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.

Başga makalalar
169cccd28c36ec.jpeg
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.


1699c18b017e55.jpeg
TOPH — SEBITDE HYZMATDAŞLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ENERGETIKA KÖPRÜSI

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň çäklerinde «Al-Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda Türkmenistanyň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.


16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.

16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.


169775e66ee8e5.jpeg
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor

Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.