«Boldumsazetrapgaz» gaz hojalygy edarasynyň işgärleriniň maksada okgunly işleri
«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Boldumsazetrapgaz» gaz hojalygy edarasynyň işgärleri barha golaýlaşýan baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk senesini we hünär baýramçylyklary bolan Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününi mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamaga şu günlerden uludan taýýarlyk görýärler.
Etrapdaky hojalyklaryň häzirki günde gaz hojalygy edarasynyň gazçylarynyň tutanýerli zähmeti netijesinde «mawy ýangyjyň» eşretini görüp ýaşaýandyklaryny aýratyn bellemek bolar. Olar şu günler etrabyň çäginde bar bolan dürli ululykdaky gaz geçirijileriň 997 kilometre golaý ýerine talabalaýyk hyzmat etmek bilen, bitewi gaz ulgamynyň gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz işlemegini gazanýarlar. Mundan başga-da, edaranyň gazçylary gaz paýlaýjy we sazlaýjy enjamlaryň hem 336-syna yzygiderli gözegçilik etmek bilen, ýylyň islendik möwsüminde olaryň talabalaýyk işlemegini hemişe üns merkezinde saklaýarlar.
— Edaramyzda näsazlygy habar beriş we öňüni alyş gullugynyň işgärleri gije-gündiziň dowamynda halkyň hyzmatynda. Bu gullugyň ussasy Myrat Otuzbaýewiň ýolbaşçylyk etmeginde sargytlary kabul ediji dispetçer Akmyrat Ýazbaýew, bejeriji-slesar Orunbaý Ýagşymyradow, nobatçy «Gazel» kysymly awtoulagyň sürüjisi Orazmuhammet Ýoldaşew we elektrik bilen kebşirleýji Gurbanmyrat Garlyýew dagy gaz ulgamlarynda ýüze çykmagy mümkin bolan näsazlyklaryň öňüni almakda öwgä mynasyp işleri alyp barýarlar. Güýz-gyş möwsümlerinde edaramyzyň degişli hünärmenleriniň ilat arasynda, etrabyň edara-kärhanalarynda wagyz işlerini geçirmekleri, içerki öý gaz enjamlaryna gözegçilik hem-de abatlaýyş işleri «mawy ýangyç» bilen baglanyşykly bolan näsazlyklaryň we hadysalaryň öňüni almakda uly ähmiýete eýedir.
Şu ýylyň başyndan bäri edaramyzyň gazçylarynyň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Daşoguz welaýatyny gazlaşdyrmak boýunça ülşüniň etrapdaky şahamçasynyň işçi-hünärmenleri bilen birlikde etrabymyzyň Aşgabat geňeşliginiň Döwletli obasynda öň bar bolan göwrüminiň ölçegi 114 millimetrlik orta basyşly gaz geçirijisiniň 1250 metr ýeriniň durkunyň 159 millimetrlik ululykdaky gaz geçirijisi bilen täzelenmegi, şeýle hem G.Atamedow adyndaky geňeşligiň çäginde bar bolan 114 millimetrlik gaz ulgamlarynda durkuny üýtgetmek işleriniň netijesinde gaz ulgamlarynyň geçirijilik mümkinçilikleri ep-esli artdyryldy — diýip, gaz hojalyk edarasynyň baş inženeri Şatlyk Kulbaýew gürrüň berýär.
Etrap gaz hojalygy edarasynda daşary gaz geçirijilerine we gaz sazlaýjylaryna gözegçilik gullugynyň ussasy Guwanç Saryýew, abatlaýjy slesarlar Amangeldi Ýagmyrow, Hemra Amanow, Mämmet Kerimow, şu gullugyň elektrik bilen kebşirleýjisi Orunbaý Saparbaýew, gaz bilen kebşirleýjisi Ýusup Paltaýew, Orazmuhammet Gurbanow dagynyň her bir işde baý iş tejribelerine daýanýandyklaryny kärdeşleri buýsanç bilen gürrüň berýärler. Şeýle hem edaranyň gazçylarynyň aýba-aý iş tabşyryklaryny talabalaýyk berjaý etmeklerinde içeri öý gaz enjamlaryny bejeriş gullugynyň ussasy Myrat Kakaýewiň ýolbaşçylygynda iş alyp barýan abatlaýjy slesarlar Allanazar Annaýew, Toýly Karlyýew, Orunbaý Mätjanow we Toýly Ýollyýew dagynyň hem saldamly paýynyň bardygyny aýratyn bellemek bolar.
Dädebaý NARTYÝEW,
Ussatnews.com.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler
19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.