Iň gadymy saz gurallary
Adamzat döräli bäri, onuň ýaşaýyş-durmuş, iýmitlenmek medeniýeti bilen birlikde gözellikden lezzet almak medeniýeti hem özboluşly ösüş ýoluny geçipdir. Daşdan, agaçdan, dürli jandarlaryň derilerinden ýasalan ilkinji saz gurallary ýüze çykyp ugrapdyr. Olar ilkibaşda özara habarlary berýän sesleri çykarmak üçin ulanylan bolsa, soňra olarda dürli sazlary çalmak medeniýete girip ugrapdyr.
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň çäginde geçirilen gazuw- agtaryş işleri netijesinde tapylan fleýta şeýle gadymy saz gurallarynyň biri diýlip hasap edilýär. Alymlaryň hasaplamalaryna görä, onuň ýaşy 35-40 müň ýyla barabardyr. Fleýtanyň galyňlygy 8 millimetrden artyk däldir, uzynlygy bolsa 21,8 santimetre deňdir. Barmaklaryň ujy bilen basyp çalmak üçin göz öňünde tutulan ötüjekler belli bir notalarda saz çalmagyň başlanan döwürleriniň şonuň ýaly taryhy çuňluga gidýändigini çaklamaga esas berýär.
Aýýa MÄMMETESENOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.
Türkmenistan energohowpsuzlygyň esasy kepillendirijisi derejesini berkidýär
21-23-nji oktýabrda Aşgabat “Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026” atly 31-nji Halkara maslahatyny we sergini kabul etmek bilen, dünýäniň energetika dialogynyň merkezine öwrüler. Otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu forum daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin baş meýdançanyň derejesini üýtgewsiz tassyklap gelýär.
Halk Maslahatynda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi
23-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi giň gerimli özgertmeleriň netijelerini jemledi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady we senagat taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini kesgitledi.
Gahryman Arkadagymyz TOPH gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyny çaltlandyrmagyň esasyny kesgitledi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 10-njy awgustda Owganystana amala aşyran taryhy iş sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde möhüm waka boldy.
Mary welaýatyndaky känden senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.