Türkmenistanyň Prezidenti: nebitgaz toplumynyň mümkinçiliklerini has netijeli durmuşa geçirmeli
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Hasabat döwründe nebitgaz toplumynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri boýunça wise-premýer Şahym Abdrahmanow hasabat berdi.
Hasabat döwründe benzin öndürmegiň meýilnamasy 105,3 göterim, bitum öndürmegiň meýilnamasy 140,3 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 106,6 göterim ýerine ýetirildi.
Tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň meýilnamasy 121,4 göterim, “mawy ýangyjy” daşary ýurtlara ibermegiň meýilnamasy 132 göterim berjaý edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu görkezijiler boýunça ösüş depgini, degişlilikde, 122,1 göterim hem-de 136,7 göterim üpjün edildi. Maýa goýumlar barada maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleri boýunça meýilnama 106,2 göterim ýerine ýetirildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz senagatynda bar bolan kuwwatdan has netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady. Uglewodorod çig malyndan ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän önümleriň görnüşlerini giňeltmek maksady bilen, gaýtadan işleýän ulgamyň mümkinçiliklerinden has doly peýdalanmagyň zerurdygyna üns çekildi.
Döwlet Baştutany ýangyç-energetika toplumyna maýa goýumlaryny işjeň çekmegiň, Hazarda geljegi uly nebitgaz ýataklaryny özleşdirmegiň depginlerini artdyrmagyň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň barşyny berk gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurlarda utgaşykly işi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekip, pudagyň düzümini, şol sanda onuň gaýtadan işleýän ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak maksady bilen täze kärhanalary gurmagyň zerurdygyny aýtdy we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi hem-de Hökümetiň ýylyň netijeleri boýunça geçiriljek mejlisinde bu ulgamdaky ýagdaýlara garaljakdygyny nygtady.
OGT 2026 forumynyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekildi
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň (OGT 2026) çäklerinde 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň döwlet konsernleri bilen halkara hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.