Salpyja (Bolan waka)
Çagalyk döwründäki görlüp-eşidilen gyzykly wakalar hiç ýatdan çykmaýar. Ol wagtlar meniň üçin hemme zat gyzyklydy. Biz Goşa-guýujyk diýen ýerde ýaşaýardyk. Depelik-daglyk bolany üçin, obamyz bir oýda ýerleşerdi. Adyna Goşa-guýujyk diýilmegiň sebäbi, ýanaşyk edilip, iki sany guýy gazylypdyr, ol guýularyň kim tarapyndan, haçan gazylanyny bilýän ýokdy.
Meniň gürrüň berjek eşegime «Salpyja» diýerdiler. Çopanymyz Gökje daýynyň üç sany eşegi bardy. Iki eşegi elmydama düzde, çopanlaryň ýanynda bolansoň, kän bir görmezdik. Sebäbi, mallary dagda otluk ýerde bakardylar, diňe sagylýan geçileri oba golaý ýerde bakýardylar. Salpyja bolsa, çopanlara azyk çekerdi. Biz geň galardyk. «Öýi nädip tapýarka?» diýip, bir-birimize sorag bererdik.
Salpyja geldigi biz daşyna üýşüp, alagoh edip daşyndan aýlanar ýörerdik. Maýa daýza bolsa, derrew meşiklere aýran guýup, çörek bişirip, garaz, gerek zatlaryny üpjün edip, horjuna ýerleşdirip, Salpyjany yzyna ugratmak bilendi. Biz bolsa, Salpyja bir menzil ýola barýança yzyna düşüp giderdik.
Men çaý başynda eneme «Salpyja nädip öýi tapýar, ýene goşa özi gidýär?» diýip, sorag bersem, enem: – Haýwanlar öwrenen zadyny hiç unutmaýarlar diýdi. Şol günleriň birinde Salpyja alyp giden azykly horjuny bilen yzyna geldi, muny gören adamlar örüde bir harasadyň gopandygyny aňyp, olar Salpyjany öňlerine salyp, çopan goşuna ugraýarlar.
Şol gije güýçli ýel bilen doly gelendigi sebäpli, çopanlar mallary aman saklamak üçin bir gowaga giren ekeni, şonuň üçin-de, Salpyja çopanlary tapman yzyna gelipdir. Salpyjanyň bu eden işine geň galyp, ondan hoşal bolupdyrlar. Adamlar: «Muňa Salpyja diýmän, Akyllyja diýmeli» diýip, gülşüpdirler.
Zuleýha SATLYKOWA,
Balkanabat şäheri.
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler
19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.