Nebitçileriň netijeli işleri

Uglewodorod çig mallaryny çykarmak, olary gaýtadan işläp, ýokary hilli harytlyk görnüşine getirip, içerki we daşarky bazarlarda ýerlemek, önümçilige häzirki zaman tilsimatlaryny we tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, «Türkmennebit» DK-nyň kärhanalaryny tehniki taýdan ygtybarly enjamlaşdyrmak işleri barha giň gerime eýe bolýar.
Bu ugurda «Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginde bitirilýän işler hem öz döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Kärhananyň iş alyp barýan Çeleken ýarym adasynyň gury ýer böleginde uglewodorod çig mallarynyň bol gorlary jemlenendir. Munuň özi Günbatar Türkmenistanyň şertlerinde çuň we has çuň guýulary burawlamagyň ykdysady taýdan netijeliligini ýokarlandyrmakda Çeleken ýatagynyň geljeginiň uludygyny aňladýar.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň geçen on bir aýynda bu müdirlikde hereket edýän guýulardan çykarylan «gara altynyň» möçberi 49 müň 883 tonna golaýlady. Bu görkeziji bellenilen meýilnamadan dört müň tonnadan hem gowrakdyr. Kärhanada bar bolan mümkinçiliklerdir ätiýaçlyklary netijeli peýdalanmak babatda amala aşyrylýan işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Müdirligiň başlangyjy esasynda kärhananyň öz güýçleri bilen önüm bermesini has kemelden Dagajyk meýdançasyndaky guýularyň birinde geçirilen degişli çärelerden soň, ondan nebit çüwdürimi alyndy. Häzir ol guýynyň her gije-gündizde önüm berijiligi 25 tonna ýetýär. Şu ýyl taslama çuňlugy 1 müň 200 metr bolan 654-nji täze guýynyň gazuw işleri hem üstünlikli tamamlanyp, ulanyşa alyndy. «Nebitdag» buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylarynyň gazan bu guýusy her gije-gündizde 6 tonnadan hem köp nebit çig malyny berýär. Şu günler bolsa Günbatar Çeleken meýdançasyndaky 707-nji guýynyň gazuw işlerine taýýarlyk görülýär. Ol işleri «Goturdepe» buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri amala aşyrarlar. Bu täze guýudan hem nebit çig malynyň bol akymyna garaşylýar. Bu bolsa geljekde «Galkynyşnebit» NGÇM-iň has belent önümçilik görkezijilerine eýe boljakdygyny aňladýar.
— Kärhanamyz boýunça önüm berýän guýularyň her birine tehniki gözegçilik bellenilen meýilnama esasynda pugta ýola goýulýar. Biziň iş alyp barýan hazynalar mesgenimiziň gury ýer böleginde häzirki wagtda önüm berýän guýularyň taslama çuňluklary 1200-den 2750 metr aralygyndadyr. Geologlaryň ynamly tassyklamagyna görä, ýarym adanyň has çuň gatlaklarynda «gara altynyň» gorlary az däl. Ýakyn geljekde has çuň gatlaklaryň gazylyp başlanmagy biziň täze-täze ösüşlerimize ynamly badalga bolar. Şu ýylyň başyndan bäri önümli guýularyň ençemesinde abatlaýyş işleri talabalaýyk ýola goýuldy. Şonuň ýaly-da önüm bermesini peselden guýularyň golaýynda göwrümleri 50 we 100 kubmetre deň bolan çanlary oturtdyk. Ol çykarylýan nebitiň her bir damjasyny ýitgisiz almaga mümkinçilik berýär. Müdirligimiziň nebitçileri halal zähmet çekip, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artmagyna mynasyp goşant goşmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän milli Liderimize alkyş aýdýarlar — diýip, kärhananyň geologiýa bölüminiň başlygy Amannyýaz Sofyýew buýsanç bilen aýdýar.
Hojaberdi BAÝRAMOW,
Ussatnews.com.

Aşgabat — Türkmenistanyň Prezidentiniň şähergurluşyk syýasatynyň beýany
Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar, döwlet Baştutanymyz halkymyz baradaky aladany amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.

Ekologiýa abadançylygy — döwrüň baş talaby
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy gorap saklamak, ekologiýa taýdan arassa şertleri üpjün etmek, zyýanly zyňyndylaryň möçberini azaltmak, ozon gatlagyny gorap saklamak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler giň gerime eýe bolýar.

Ekologiýa abadançylygyna, «ýaşyl» ykdysadyýete möhüm ähmiýet berilýär
Dünýäde ilatyň sanynyň artmagynyň, önümçilikleriň depgininiň ýokarlanmagynyň netijesinde ykdysadyýetiň ösmegi dowam edýär.

Ýagty geljegiň energiýa çeşmesi
Häzirki zaman ylmynyň we tehnologiýanyň çalt ösýän döwründe adamzadyň öňünde ekologiýa bilen baglanyşykly möhüm meseleler ýüze çykýar. Howanyň ýylylygy, hapalanmagy, tebigy serişdeleriň çäkliligi ýaly meseleler dünýä jemgyýetçiligini täze energiýa çeşmelerini gözlemäge mejbur edýär.

Innowasiýa arkaly durnukly geljege barýan ýol
«Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde «Gün, ýel gorlarynyň potensialyny kesgitlemek boýunça bitewi maglumatlar» merkezi döredilip, onuň esasynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň internet portaly» işlenip taýýarlanyldy we häzirki wagtda onuň maglumatlar gory baýlaşdyrylýar.