Makalalar

Miwe suwuny almagyň taryhyndan

https://ussatnews.com/storage/posts/2534/original-161bf78a52fdba.jpeg

Miweleriň, ir-iýmişleriň suwuny almak we ony gündelik iýmit we dermanlyk maksatlar üçin ulanmak ir döwürlerden bilnipdir. Bu barada ilkinji ýazgylar gadymy grek çeşmelerinde duş gelýär.

Belli bolşy ýaly, gadymy Gresiýanyň we Rimiň adamlary miweleri, ir-iýmişleri iýmit üçin peýdalanmak bilen bir wagtda olaryň suwuny sykyp alyp, keselleriň bimäçe gömüşiniň dermany hökmünde ulanypdyrlar. Olar, esasan, düzüminde demir, kaliý, bal ýaly mineral duzlar, pektin, kletçatka, witamin, foliý turşusy we karotin köp bolan malinanyň suwuny sykyp alypdyrlar.

Gadymyýetde miweleri we ir-iýmişleri gant bilen bilelikde maýdalap, üç-dört aýa çenli ulanan wagtlary bolupdyr.

Ylmyň we tehnologiýanyň ösmegi bilen, adamzat dürli azyklyk serişdeleri peýdalanyp, dürli tagamly içgileri oýlap tapýar. Ýöne tebigy gömüşde miwelerden, ir-iýmişlerden sykylyp alynýan suwlar özüniň çalşyp bolmajak omuny saklap galýar.

Mähri ORAZOWA,

Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.

Başga makalalar
16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.


16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.


169775e66ee8e5.jpeg
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor

Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.

1696bb3018965b.jpeg
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy

Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.


16950f2f47f594.jpeg
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi

Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.