Iň arassa şäher
Dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa şäherleri ýüze çykarmak üçin Uswitch.com britan saýty dürli ýagdaýlary nazara alypdyr. Şunda gozgalmaýan emläkleriň daşky gurşawy hapalaýan derejesine çenli biperwaýlykly we elýeterli ulanylyşy, energiýany gaýtadan ulanylýan çeşmeleriniň peýdalanylyşy, şeýle hem ýol-ulag infrastrukturasynyň ulanylmagy netijesinde howanyň hapalanyş derejesi we beýlekiler göz öňünde tutulypdyr.
Şeýle ölçegler esasynda Awstraliýanyň Kanberra, Ispaniýanyň Madrid, BAE-niň Dubaý, Daniýanyň Kopengagen, Germaniýanyň Frankfurt, Gamburg, Çehiýanyň Praga, BAE-niň Abu-Dabi, Şweýsariýanyň Sýurih şäherleri öňdäki orunlara düşüpdirler.
Annamyrat NEPESOW,
Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Türkmenistanyň «ýaşyl» energiýa diplomatiýasy
Adamzat uzak taryhynyň dowamynda tebigata golaý durup, onuň baýlyklaryna, arassa ekologik gurşawyna örän aýawly çemeleşmäge çalyşýar.
«Ýaşyl» energiýa — geljegiň abadançylygy
«Ýaşyl» energiýany ulanmagyň, ýagny Günden, ýelden we suwdan energiýa almagyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary (nebit, gaz, kömür we başgalar) energiýa hökmünde peýdalanmakdan esasy tapawutlarynyň biri, bular ulanylanda atmosfera giňişligine metanyň, kömürturşy gazynyň zyňylyp hapalanmagynyň düýbünden diýen ýaly bolmaýanlygydyr.
Aşgabat — Türkmenistanyň Prezidentiniň şähergurluşyk syýasatynyň beýany
Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar, döwlet Baştutanymyz halkymyz baradaky aladany amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.