Makalalar

Dünýäde iň giň awtomobil ýoly

https://ussatnews.com/storage/posts/2556/original-161c23417889a6.jpeg

Awtomobil ýollary ýükleri we ýolagçylary gatnatmakda esasy mümkinçilikleriň biri bolmagynda galýar. Dünýäniň özara ösýän ykdysady gatnaşyklary şertlerinde olaryň giňliginiň, köp zolaklylygynyň uly ähmiýeti bar.

Dünýäde şeýle giň hem-de köp gatnaw zolakly awtomobil ýollarynyň birnäçesi hasaba alnypdyr. Şolardan Kanadanyň Ontario welaýatyndaky awtomobil ýoly bu babatda öňdäki orunlary eýeleýär. Ýönekeý «401-nji şosse» diýlip atlandyrylan bu awtomobil ýolunyň 22 sany gatnaw zolagy bardyr, Olaryň 18-si gatnaw üçin ulanylýar. 4-si bolsa birleşdiriji eňňitleriň hyzmatyny ýerine ýetirýär.

Bu ýol Ontarionyň günorta-günbatarydaky Windzor gündogar tarapda Kanadanyň merkezi bölegini özara birleşdirýär. Ýol Torontonyň hem üstünden geçýär, Ýoluň bu bölegi Demirgazyk Amerikada awtomobilleriň iň bir ýygjam gatnawly ýeri diýlip hasap edilýär.

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Hýuston bilen onuň şäher etegindäki Keýtini birleşdirýän awtomobil ýoly 2008-nji ýylda gurlup ulanylmaga berlipdir. Giňeldilenden soň onuň giňligi 26 gatnaw zolagyna ýetdi. Şondan soň ondan bir günde ýarym milliona barabar awtomobiliň hereket etmegine mümkinçilik döredi.

Yhlas GELDIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.

Başga makalalar
16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.


16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.


169775e66ee8e5.jpeg
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor

Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.

1696bb3018965b.jpeg
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy

Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.


16950f2f47f594.jpeg
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi

Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.