Makalalar

SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI

https://ussatnews.com/storage/posts/2563/original-161c38b09b0577.jpeg

Ata Watanymyz özboluşly milli ýoly bilen ösüp-özgerýär we döredijiligiň, ösüşiň ýokary depgini bilen ynamly öňe barýar. Hormatly Prezidentimiz ähli ulgamlar bilen bir hatarda Türkmenistanda sport pudagyny halkara talaplaryna laýyk kämilleşdirmäge, sporty we sagdyn durmuşy wagyz etmäge, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, olimpiýa hereketini we ýokary derejedäki, türkmen sportuny ösdürmäge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn üns berýär.

Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary bolan döwlet Baştutanymyz asylly başlangyçlary bilen ähli watandaşlarymyza, ilkinji nobatda, ýaşlara şahsy görelde görkezýär. Milli Liderimiz sport enjamlarynyň her biriniň özboluşly aýratynlygynyň bardygyny, olaryň bedeniniň taplanmagynda, adam saglygynyň pugtalandyrylmagynda örän ähmiýetlidigini belleýär. Aýratyn-da, olaryň ýaşlaryň beden taýdan taplanmagynda möhüm orun eýeleýändigini nygtaýar.

Beden maşklaryny ýerine ýetirmek saglygy berkitmek bilen bir hatarda, adamlaryň asylly işlere, döredijilik we zähmet üstünlikleri gyzyklanmalarynyň artmagyna ýardam edýär. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz sagdyn durmuş ýörelgeleriniň asylly işlere ruhlandyrýandygyna hemişe ünsi çekýär. Şu maksat bilen, milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sport ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, kämilleşdirmek hem-de onuň kuwwatyny artdyrmak, degişli köpugurly düzümleri döretmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Soňky ýyllarda bu ugurda üstünlikli amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň çäklerinde eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman enjamlary üpjün edilen ajaýyp sport toplumlary, stadionlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri we beýleki desgalar guruldy. Bedenterbiýe-sagaldyş hereketi hem-de sport adamlaryň, ilkinji nobatda, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen, giň dünýägaraýyşly, berk bedenli bolup ýetişmeklerine, watançylyk duýgularynyň artmagyna ýardam edýär.

Halkymyzyň saglygy baradaky alada, adamlaryň bagtyýar durmuşy üçin ähli şertleriň döredilmegi Gahryman Arkadagymyzyň (üstünlikli alyp barýan syýasatynyň esasyny düzýär. Türkmenistanda amala aşyrylýan özgertmeleriň, durmuşa geçirilýän milli maksatnamalarydyr iri taslamalaryň özeninde döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň ýokary gymmatlygy hasaplanylýan adamlaryň saglygy durýar.

Gülnara AMETOWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinyň talyby.

Başga makalalar
16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.


16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.


169775e66ee8e5.jpeg
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor

Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.

1696bb3018965b.jpeg
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy

Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.


16950f2f47f594.jpeg
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi

Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.