Halkyň Arkadagly zamanasy
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylan, ýetilen sepgitleň, gazanylan üstünlikleriň özi halkyň göwün guşyny al asmana göterdi.
Şeýle üstünliklerden kalby püre pür bolan halkymyz şeýle üstünlikleriň mähriban Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýetilýändigine aňry ýany bilen düşünip, bosagada duran täze 2022-nji ýyly “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip atlandyrylmagy teklip edildi.
Geçip barýan 2021-nji ýyl ýaly “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýilip atlandyrmaklyk maksat edilýän ýylyň hem uly üstünliklere beslenjegine doly ynanýaryn. Gelejek ýylda her bir pudakda gazanyljak üstünlikleriň halkyň bähbidine gönükdiriljekdigine buýsanýarys.
Halkyň kalbynda uly buýsanjy döredýän bosagada duran 2022-nji ýyl bilen mähriban Arkadagymyzy hem-de türkmen halkymyzy gutlaýaryn. Bagtly bagtyýar ýaşaýyşymyzy kemala getirip halkymyzy aýdyň ertirlere, abadan ýaşaýyşa eýe edýän mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç alsyn.
Hojanazar AŞYROW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Türkmenistanyň «ýaşyl» energiýa diplomatiýasy
Adamzat uzak taryhynyň dowamynda tebigata golaý durup, onuň baýlyklaryna, arassa ekologik gurşawyna örän aýawly çemeleşmäge çalyşýar.
«Ýaşyl» energiýa — geljegiň abadançylygy
«Ýaşyl» energiýany ulanmagyň, ýagny Günden, ýelden we suwdan energiýa almagyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary (nebit, gaz, kömür we başgalar) energiýa hökmünde peýdalanmakdan esasy tapawutlarynyň biri, bular ulanylanda atmosfera giňişligine metanyň, kömürturşy gazynyň zyňylyp hapalanmagynyň düýbünden diýen ýaly bolmaýanlygydyr.
Aşgabat — Türkmenistanyň Prezidentiniň şähergurluşyk syýasatynyň beýany
Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar, döwlet Baştutanymyz halkymyz baradaky aladany amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.