Makalalar

“Toyota” ultraykjam elektrokar öndürdi

https://ussatnews.com/storage/posts/2668/original-161df94876a071.jpeg

Dünýäniň iň köp awtoulag satýan kompaniýalarynyň biri bolan “Toyota” elektroulaga bolan islegi ýokarlandyrmak maksady bilen “C’pod” atly ultraykjam batareýaly ulagy satuwa çykardy. Häzirki wagtda az sanlysy öndürilen ulagyň 2022-nji ýyldan başlap, müşderiler köpçüligine ýetirilmegi maksat edinilýär.

Uzynlygy 2,490 mm, giňligi 1,290 mm, beýikligi 1,550 mm bolan ulagyň iki tigriniň arasy 1,780 mm. Ulag 3,9 metr aralykda aýlanyp bilýär. Şeýlelikde, ulag kiçi ýerlerden hem arkaýyn geçip bilýär. Bir gezekki zarýady bilen 150 km ýol geçýän elektrokar 2 orunlyk bolup, litiý-ion batareýasy 5 sagatda dolýar. Şeýle hem ulagyň batareýasyny energiýa çeşmesi hökmünde ulanyp bolýar. Iň ýokary tizligi 60 km/sagat bolan ulagyň agramy bary-ýogy 670 kg.

Laçyn MURADOWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Başga makalalar
1696bb3018965b.jpeg
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy

Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.


16950f2f47f594.jpeg
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi

Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.


169083a25cc418.jpeg
Türkmenistanyň «ýaşyl» energiýa diplomatiýasy

Adamzat uzak taryhynyň dowamynda tebigata golaý durup, onuň baýlyklaryna, arassa ekologik gurşawyna örän aýawly çemeleşmäge çalyşýar.

169082eb711208.jpeg
«Ýaşyl» energiýa — geljegiň abadançylygy

«Ýaşyl» energiýany ulanmagyň, ýagny Günden, ýelden we suwdan energiýa almagyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary (nebit, gaz, kömür we başgalar) energiýa hökmünde peýdalanmakdan esasy tapawutlarynyň biri, bular ulanylanda atmosfera giňişligine metanyň, kömürturşy gazynyň zyňylyp hapalanmagynyň düýbünden diýen ýaly bolmaýanlygydyr.


168c671426ffbc.jpeg
Aşgabat — Türkmenistanyň Prezidentiniň şähergurluşyk syýasatynyň beýany

Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar, döwlet Baştutanymyz halkymyz baradaky aladany amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.