Makalalar

Dünýäniň iň gymmat gawuny

https://ussatnews.com/storage/posts/2726/original-161efcba67d7e7.jpeg

Dünýädäki iň gymmat gawun “ýubari” gawunydyr. Bu gawun Ýaponiýa döwletinde ýyladyşhana şertlerinde ösdürilip ýetişdirilýär. Ýubari gawuny ýapon halky üçin örän gymmatly baýlygy bolup durýar. Bu gawun deňi-taýy bolmadyk datly tagamy sebäpli ýapon adalarynda köp wagt bäri meşhurdyr. Dünýä ýurtlarynda bolsa bu gawun diňe bir datly tagamy bilen däl-de, gymmat bahasy bilen bellidir.

Belli bolşy ýaly ýapon halky dürli ösümlik we miweleriň üýtgeşik hem-de täsin sortlaryny döreden seleksionerler hökmünde belli. Gysga wagtyň içinde Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň, Aziýa ýurtlarynyň iň gymmat restoranlarynyň menýusynda orun aldy.

Gawunyň ady Ýaponiýanyň Hokkaýdo adasynyň Ýubari welaýatynda ilkinji gezek ösdürilenliginden gelip çykan. Bu sebitde ol häzirki wagtda hem giňişleýin ösdürilip ýetişdirilýär. Ýyladyşhana şertlerinde ýubari gawunlary örän berk gözegçilikde saklanýar. Ol ösüdilip ýetişdirilende ähli ösüş döwürlerinde, tä hasyl emele getirýänçä zerur bolan temperaturanyň, çyglylygyň derejesi, howa režimi üýtgedilip durulýar. Ýapon seleksionerleri bu gawunyň üýtgeşik tagamynyň sebäbini toprakdaky wulkan külüniň saklanýandygynda görýärler.

Gawunyň daşky şekili tegelek formada bolup, torlylygy owadan nagyşlary emele getirýär. Daşky şekili näçe tegelek we näçe ýumşak bolsa şonçada müşderileriň ünsüni köp özüne çekýär. Şeýle-de bu gawunyň örän ýakymly ysy bar. Ýubari gawunyny ösdürip ýetişdirmeklik köp zähmeti talap edýär. Muňa garamazdan ýubari gawuny ýapon halkynyň aýratyn guwanjy hasaplanylýar. Ýerli ilat ýubari gawunyny esasan hem sowgatlyk hökmünde bermegi halaýar.

Oguljeren Hudaýnazarowa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Başga makalalar
1696bb3018965b.jpeg
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy

Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.


16950f2f47f594.jpeg
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi

Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.


169083a25cc418.jpeg
Türkmenistanyň «ýaşyl» energiýa diplomatiýasy

Adamzat uzak taryhynyň dowamynda tebigata golaý durup, onuň baýlyklaryna, arassa ekologik gurşawyna örän aýawly çemeleşmäge çalyşýar.

169082eb711208.jpeg
«Ýaşyl» energiýa — geljegiň abadançylygy

«Ýaşyl» energiýany ulanmagyň, ýagny Günden, ýelden we suwdan energiýa almagyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary (nebit, gaz, kömür we başgalar) energiýa hökmünde peýdalanmakdan esasy tapawutlarynyň biri, bular ulanylanda atmosfera giňişligine metanyň, kömürturşy gazynyň zyňylyp hapalanmagynyň düýbünden diýen ýaly bolmaýanlygydyr.


168c671426ffbc.jpeg
Aşgabat — Türkmenistanyň Prezidentiniň şähergurluşyk syýasatynyň beýany

Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar, döwlet Baştutanymyz halkymyz baradaky aladany amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.