ÇAY — JANA ŞYPA

11:40 31.01.2022

https://ussatnews.com/storage/posts/2777/original-161f78449f045c.jpeg

Çaý — gymmatly içgi. Ol bedene kuwwat, seriňe tämizlik eçilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Çaý — melhem hem ylham» atly kitabynda çaýyň düzümi, onuň ynsan bedeni üçin gymmatly ýokumlara baýlysy hakynda giňişleýin gürrüň berilýär. Mundan başga-da, kitapda çaýy nähili dogry içmelidigi, onuň gadaganlyklary hakynda şeýle maglumatlar getirilýär:

1. Çaý ajöze içilende, ol aşgazana we öthalta zelel ýetirip bilýär.

2. Aşa gyzgyn çaý bogazy, gyzylödegi, aşgazany güýçli gyjyndyrýar. Onuň gyzgynlygy 62° geçse, dürli aşgazan kesellerini döretmegi mümkin. Şoňa görä-de, onuň gyzgynlygy 56° geçmese ýagşy.

3. Sowuk çaý ötüşen dertleri gozgaýar, gakylyk toplanmagyna getirýär.

4. Hetdenaşa ajy çaýyň düzüminde kofein we tanin köp bolýar. Ol kellagyrynyň döremegine we ukusyzlyga sebäp bolup biler.

5. Çaý demlenende, uzak wagtlap saklanylsa, onuň ýokumlylygy peselýär, şol sanda С we P witaminleri ýitýär.

6. Çaý birnäçe gezek şemmesine demlenende, onuň düzümindäki peýdaly serişdeler azalýar. Birinji demlenende, olaryň 50 göterimi bar bolsa, ikinjide — 30, üçünjide — 10 göterimi galýar. Şondan soňkulary özünde diňe ýaramaz galyndylary jemleýär we adama zyýanlydyr.

7. Çaýy nahar iýlen dessine içmek zyýanlydyr. Ol aşgazan şiresiniň düzümine täsir edýär we iýmit siňdiriş ulgamynyň işini kynlaşdyrýar.

8. Dermanlary çaý bilen içmegem maslahat berlenok. Onuň düzümindäki serişdeler tanin emele getirýär we çökündi döredýär. Hytaýlylar: «Çaý dermanlary dargadýar» diýip, ýöne ýerden aýdan däldir.

9. Köp duran çaýy, gowusy, içmezlikdir, Ol dürli bakteriýalar üçin halanýan iýmitdir. Emma bir gije-gündiz saklanylan çaýy käbir halatlarda çalynýan dermanlyk serişde hökmünde ulanyp bolar. Dişleriň sowuklamasynda, düýbi gananda, agyz boşlugynda ýara emele gelende, göz çylpyklanda çaý bilen ýuwulsa, nepi gowy. Sowan çaý iriňli ýaralaryň çalt bitmegine hem kömek edýär.

Çaýy şu «görkezilenlerden» ugur alyp içseňiz, ondan lezzet alyp bilersiňiz. Çaý ömri uzaldyjy serişdedir.

Başga makalalar
165bcdd8955012.jpeg
Durmuş hakykatyny ýazan

Ussat ýazyjy Hojanepes Meläýewiň ýiti galamyndan çykan «Tylla teňňeler», «Düýnki gelinler», «Daň ýyldyzy», «Garagumuň bürgütleri», «Durmuş dowamaty», «Aşyk oglan», «Ynsan keşbi» ýaly kitaplary öz döwründe okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Golaýda ýazyjynyň maşgalasy, halypa žurnalist Kümüş Meläýewa bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi:


165a96965a6c7e.jpeg
GONŞULAR (Hekaýa)

Bu wakalaryň bolan döwri — geçen asyryň 60-njy ýyllarynda, köçelerde ýeňil ulaglar gaty seýrekdi. Obada bolsa bir ýa iki adamda ýeňil ulag bardy. Şeýle bolansoň, ýeňil ulagly adamlar beýlekilere garanda mertebeliräk görünýärdi, goňşy-golamlaryň olara hormaty hem artygrakdy. Ýöne bu hormatyň aňyrsynda gerek wagty ulagyndan peýdalanarys diýen tamakinçilik hem ýok däldi.


162a17c5d6f814.jpeg
GUŞÇULYK: döwre laýyk we bäsdeşlige ukyply

Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Bu wezipäni amala aşyrmak üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirkizaman önümçilikleri döredilýär. Beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan oba hojalyk önümler özümizde giňden öndürilip başlandy.

16229fa7e75bf6.jpeg
Hiç zat tötänlikden däl (Hekaýa)

Şol gün Nazar işine hemişekisinden gijräk galyp barýany üçin çalt ýöräp, duralga geleninde awtobus hem garaşdyrman geläýdi. Awtobus saklanandan Nazar howlugyp, dogrusyndaky öňki gapa tarap okdurylanynda ondan düşüp gelýän gyzyl paltoly gyz bilen çaknyşanyny duýman galdy. Gyz gaşlaryny çytyp:


16229f9e9aeedc.jpeg
MÄHRE ÝUGRULAN ÝÜZ ÝYL

Etrek etrabynyň Gyzylbaýyr obasynyň ýaşaýjysy, 100 ýaşly ene Gurbantäç Alaýewa — il-günüň uly hormat-sarpasynyň eýesi. Halk arasynda Älem ene ady bilen tanalýan, bir asyry arka atan ene bu gün Gahryman Arkadagymyzyň göwün galkyndy- ryjy beýik işlerine, eşretli günlerimize tüýs ýürekden guwanyp, buýsanyp ýaşaýar.