Ilkinji aýyň guwandyryjy netijeleri

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Gubadagetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylary «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýanwar aýyny netijeli jemlemek bilen, etrabyň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün etmek maksadynda fewral aýnyň işlerine guramaçylykly girişdiler. Howanyň häzirki sowuk günlerinde gije-gündiziň dowamynda etrabyň sarp edijilerini gymmatly «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda nusgalyk işleri alyp barýan edaranyň işçi-hünärmenleriniň her bir iş güni ýokary zähmet rowaçlyklaryna beslenýär.
Edaranyň agzybir işgärleri tarapyndan häzirki döwürde etrabyň çäginde bar bolan dürli basyşly we dürli ululykdaky bitewi gaz ulgamynyň 1363 kilometrden gowrak ýerine, gaz sazlaýjy we paýlaýjy enjamlaryň bolsa 370-den gowragyna ýokary derejede hyzmat edilýändigini aýratyn bellemek bolar. Munuň özi etrabyň 20 müň 160-dan gowrak hojalygynyň we edara-kärhanalarynyň ýylyň islendik möwsüminde tebigy we suwuklandyrylan gazdan üznüksiz peýdalanýandygyndan habar berýär. Aýratyn hem häzirki gyş döwründe edaranyň daşary gaz geçirijilere we gaz sazlaýjy enjamlara gözegçilik gullugynyň Nurgeldi Satybaldyýew, Hemra Erkäýew, Serdar Baýnazarow ýaly abatlaýjy slesarlarynyň hem-de gaz bilen kebşirleýji Baýmyrat Annamyradow we elektrik bilen kebşirleýji Erkebaý Täjibaýew ýaly agzalarynyň aladalarynyň özlerine ýetikdigine olaryň gündelik alyp barýan wajyp işleri bilen ýakyndan tanyş bolanymyzda doly göz ýetirdik.
— Şu günler etrabymyzyň obadyr etrap merkezinde bar bolan bitewi gaz desgalarynyň talabalaýyk işlemegi ugrunda edaramyzyň gazçylarynyň alyp barýan işleri öwgä mynasypdyr. Tebigy gaz tiz ýanýan, ýangyn howply uglewodorod serişdesidir. Gaz bar ýerde tehniki we ýangyn howpsuzlyk düzgünleri gyşarnyksyz berjaý edilmelidir. Şonuň üçin edaramyzyň agzybir işgärleri etrabyň sarp edijilerini tebigy gaz bilen ýeterlik mukdarda üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň tygşytly ulanylmagy, gaz enjamlary ulanylanda, ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň kadalaryny berjaý etmek ugrunda hem ilat arasynda aýba-aý düşündiriş işlerini, şeýle-de içeri öý gaz enjamlarynyň işleýşine gözegçiligi alyp barýarlar. Bu ugurda içeri öý gaz enjamlary gullugynyň ussasy Atajan Kurbannazarowyň ýolbaşçylygynda Begenç Kakabaýew, Serdar Meredow, Hojamyrat Nazarow ýaly bejeriji slesarlaryň durmuşa geçirýän işlerinden etrabyň ýaşaýjylary diýseň hoşal — diýip, «Gubadagetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň hünärmeni Tirkeş Tekäýew gürrüň berýär.
Edaranyň gazçylary ýurdumyzda hereket edýän Prezident maksatnamalaryna laýyklykda, täze emele gelýän hojalyklary gazlaşdyrmak, öň bar bolan gaz desgalarynyň zerur ýerleriniň durkuny täzelemek hem-de gaz ulgamlarynyň geçirijilik mümkinçiliklerini artdyrmak ugrunda hem «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Daşoguz welaýatyny gazlaşdyrmak boýunça ülşüniň etrapdaky şahamçasynyň işçi-hünärmenleri bilen birlikde talabalaýyk işleri alyp barýarlar. Bu babatda gürrüň edilende, geçen ýylda etrabyň Amyderýa geňeşliginiň etrap merkezinden uzakda ýerleşýän Mäter obasynyň ilatynyň tebigy gaz bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak ugrunda badalga berlen tutumly işleriň netijesinde gubadagly gazçylaryň birleşen tagallalary bilen öň göwrüminiň ululygy 114 millimetre barabar bolan gaz geçirijileriň durkuny täzelemek işleri üstünlikli tamamlandy. Netijede, olaryň durky 219 millimetrlik gaz turbalary bilen çalşylyp, gaz ulgamynyň geçirijilik mümkinçiligi iki essä golaý artdyryldy. Munuň özi häzirki gyş günlerinde gymmatly «mawy ýangyjyň» eşretli hözirini görüp ýaşaýan oba ýaşaýjylarynyň kalbynda halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyza hem-de edaranyň gazçylaryna bolan çäksiz hoşallyk duýgularyny döredýär.
Dädebaý NARTYÝEW,
Ussatnews.com.

Ynsan bedenine ýokumly zeýtun miweleriniň möçberi artýar
Etrek etrabynyň «Gyzylbaýyr» daýhan birleşiginiň mes toprakly ýaýlasyndan uzak möhletleýin ýer bölegini alan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy telekeçi Ymamberdi Jepbarow miweli baglary ýetişdirmek bilen meşgul bolýar.

Aýazbaba hökman geler, oglum! (Hekaýa)
Oglanjyk ir bilen ukudan oýandy-da, otagynyň töründe bezelgi duran arçanyň ýanyna baryp töweregine seretdi. Eglip bir bölek kagyzy aldy-da: «Aýazbaba meniň ýazan hatymy okamandyr-a» diýip, başyny aşak saldy. Birdenem:

TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR
Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...
Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.

Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji
Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.