Türkmenistanda azyk senagatynda buýan köküni ulanmagyň tehnologiýasy işlenilip taýýarlanyldy
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň barlaghanasynda azyk önümlerini taýýarlamakda buýan köküni ulanmagyň tehnologiýasy işlenilip taýýarlanyldy. Glisirrizin turşusy bilen baýlaşdyrylan ilkinji önüm iň köp isleg bildirilýän hem-de her gün iýmit hökmünde ulanylýan azyk harydy bolan çörek boldy. Hünärmenler şeýle hem bu serişdäni «Berzeňňi» mineral suwuna goşmagy meýilleşdirýärler.
Bu iş hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça döwletimiziň durmuş ugurly strategiýasynyň çäklerinde amala aşyrylýar. Bu strategiýa ýurdumyzyň raýatlarynyň abadançylygyna, türkmenistanlylaryň saglygyny goramaga, saglygy goraýyş ulgamynda halkara ölçegleri üpjün etmäge, epidemiologik gözegçiligi güýçlendirmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ilkinji we dünýäde dördünji bolup, halkara ölçeglere laýyklykda duzuň ýodlaşdyrylmagyny üpjün eden ýurt hökmünde resmi taýdan ykrar edilendigini bellemek gerek. Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça ýurdumyzda öndürilýän uny demir we foliý turşusy bilen baýlaşdyrmak boýunça uly işler amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde, döwletimiz uny baýlaşdyrmak işinde öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigi üçin, halkara sylagyna mynasyp boldy. Häzir uny sink we B12 witamini bilen baýlaşdyrmak mümkinçiligi öwrenilýär.
Türkmenistan täze ýokanç kesele garşy işjeň göreşip, ýurdumyzyň çäginde koronawirus hem-de beýleki howply ýokançlaryň ýüze çykmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça toplumlaýyn çäreleri amala aşyrýar.
Hususan-da, döwlet Baştutanymyz glisirrizin turşusynyň adam bedeninde ýokanja garşy täsiriniň, onuň iş ýüzünde ulanylmagynyň düýpli barlaglarynyň geçirilmeginiň başyny başlady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, türkmen buýan köki koronawirus ýokanjynyň täze görnüşine garşy göreşmekde hem ýardam edip biler. Şunuň bilen baglylykda, 2020-nji ýylyň dekabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysyna hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine bu ugurda barlaglary geçirmegi tabşyrdy.
Alymlar buýan kökünden hem-de onuň düzüminde ep-esli mukdarda bolan glisirrizin turşusyndan öndürilen derman serişdeleriniň bejeriş-öňüni alyş täsirini tassykladylar.
Häzirki döwürde glisirrizin turşusynyň esasynda allergiýany, sowuklamany, bronh demgysmasyny, süýjüli başy (ekzemany) bejermekde we wiruslara garşy ulanylýan dermanlaryň 350 görnüşi taýýarlanylýar. Hünärmenleriň maglumatlaryna görä, çöl howasy we ýerli topragyň häsiýetli aýratynlygy netijesinde, köp peýdaly maddalary özünde jemleýändigi üçin, türkmen buýany örän peýdaly hasaplanylýar. Hut şoňa görä-de, ol bejeriş-öňüni alyş maksatlarynda üstünlikli ulanylýar.
Buýan köküniň hem-de onuň düzümindäki maddanyň — glisirrizin turşusynyň COVID-19-a garşy göreşmekdäki bejeriş häsiýetleri türkmen hünärmenleriniň 19-njy ýanwarda sanly ulgam arkaly Germaniýanyň Essen uniwersitet klinikasynyň Wirusologiýa merkeziniň ýolbaşçysy, professor, doktor A.Krawçik bilen geçiren duşuşygynyň barşynda hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ministrler Kabinetiniň 14-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenabatda “Türkmendermansenagat” birleşiginiň “Buýan” obasenagat toplumynyň düzüminde buýan kökünden glisirrizin turşusyny öndürýän zawody gurmak hakyndaky Karara gol çekdi. 2024-nji ýylyň ýanwarynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrylmagy meýilleşdirilýän bu kärhananyň kuwwatlylygy ýylda 390 tonna arassalanmadyk glisirrizin turşusyna barabar bolar.
Degişli barlaglar geçirilenden soňra, Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi tarapyndan çörek we çörek önümleriniň önümçiliginde buýan köküniň ekstraktyny ulanmagyň ylmy taýdan esaslandyrmasy berildi.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hünärmenleriniň bellemegine görä, buýan kökünden alynýan glisirrizin turşusy diňe bir özüniň biologik täsirine eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, beýleki derman serişdeleriniň täsirini güýçlendirip biler we hatda dermanlar bilelikde ulanylanda, olaryň terapewtik mukdaryny azaltmaga-da mümkinçilik berýär.
Şoňa görä-de, azyk önümlerine goşulan glisirrizin turşuly serişdeler bedendäki interferonyň oňyn täsiriniň, fagositozyň ýokarlanmagynyň hasabyna bedendäki alyş-çalşy gowulandyrýar.
Turşynyň ulanylmagy diňe bir önümleriň iýmit we tagam görkezijilerini gowulandyrmaga däl, eýsem, olaryň tebigy tagamyny we hoşboý ysyny saklamaga-da mümkinçilik berýär.
Çörek we çörek önümleri iň köp sarp edilýän iýmit önümleriniň hataryna girýär hem-de adam ömri üçin zerur bolan ähli maddalary öz içine alýar. Buýan köküniň toşabyny goşmak esasda çörek we çörek önümlerini öndürmegiň tehnologiýasyny işläp taýýarlamak maksady bilen, ýurdumyzda ilkinji gezek buýan köküniň toşabynyň goşulmagynyň ygtybarly mukdaryny kesgitlemek üçin toplumlaýyn barlaghana işleri geçirildi.
Şunuň bilen birlikde, çörek we çörek önümlerini taýýarlamagyň ylmy taýdan esaslandyrylan usullary işlenip düzüldi. Bular köpçülikleýin önümçilik üçin Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň “Bereketli” söwda merkezine teklip edildi. Häzirki wagtda bu ýerde täze önüm taýýarlanylýar we ýerlenilýär.
Aşgabat şäherinde, «Zenan we tebigat» atly döredijilikli duşuşyk geçirildi
Paýtagtymyzdaky Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň gurnamagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Zenan we tebigat» atly döredijilikli duşuşyk geçirildi.
BÄSDEŞLIGE UKYPLY AÝAKGAPLAR
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Röwşen aýakgaplary» kärhanasynyň paýly gatnaşygy esasynda Mary şäheriniň ozalky Gön kärhanasynyň binýadynda esaslandyrylan «Maryderi-aýakgap» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň önümçilik bölümlerinde döwletimiziň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň sargytlary esasynda aýakgaplar, egin-eşikler, emeli sütükli gulakjynlar we beýleki önümler öndürilýär.
Zähmetkeşleriň zähmetini goramak döwlet syýasatynda ileri tutulýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan «Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda «2025-nji ýylda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň edara-kärhanalarynda zähmeti goramaklygyň, tehniki howpsuzlygyň düzgünleriniň berjaý edilişi we 2026-njy ýylyň wezipeleri» atly maslahat geçirildi.
Prezident “Türkmengaz” DK-nyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça teklibi goldady
27-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.
Balkanabatda zehinli ýaşlaryň intellektual bäsleşigi geçirildi
«Kämil bilim» okuw merkeziniň Balkanabat şäherindäki şahamçasynda ýaşlaryň arasynda üç tapgyrdan ybarat bolan «Brain-ring» intellektual bäsleşigi geçirildi. Bu çäre Balkan welaýat Baş bilim müdirligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi hem-de «Kämil bilim» okuw merkeziniň Balkanabat şäherindäki şahamçasy tarapyndan bilelikde guraldy.