Makalalar

Saýrak dilli şahyr Gurbannazar Ezizow

https://ussatnews.com/storage/posts/2993/original-1621dd823a4715.jpeg

Bir müň dokuz ýüz ýetmiş birinji ýylyň birinji sentýabrynda «Edebiýat we sungat» gazetine işe girdim. Şol döwürde Gurbannazar Ezizow tankyt bölüminiň müdiridi. Näme üçindigini bilemok, ýöne biziň üýnümiz alşyp gitdi. Ýogsa, ol menden on ýaş uludam. Gurbannazar redaksiýada uzak işlemedi. Birsellem öýde döredijilik bilen meşgullandy. Gatnaşygymyz welin azalmady. Häli-şindi oturylyp-turşulardy. Öýlerine baranymyzda, täze goşgularyny okardy, dutar çalardy, gadyrly gatnaşyk tä aramyzdan gidýänçä kesilmedi.

Dostumyz Gurbannazar hakynda birnäçe ýatlama ýazdym. Döredijilik dünýäsine-de azda-kände degip geçdim. Umuman, Ezizowy häli-şindi ýatlap durus. Okyjylara hödürlenilýän şu ýazgymyzam Gurbannazar bilen bagly gysgajyk kyssalar.

Nesip etmedik gülýaka

Köne poligrafkombinatyň ýanynda şahyr Öwezmyrat Babaýew duşdy. Ol meni gürlemäge goýman:

— Ýör, gitdik. Gurbannazar öýlerinde garaşyp dur! — diýdi.

Amanyma-zamanyma garamanam, goltugymdan tutup, alyp gitdi. Şahyryň öýi onçakly uzakda-da däldi. Ýolda gümür-ýamyr bilen derrew ýetdik.

Howla girdik. Gurbannazar bilen kakasy Eziz aga howlynyň künjegindäki kiçeňräk tamjagazda eken. Bäri Eziz aganyň ussahanasydy. Şahyryň atasy Hümmet aga Ahal ilinde belli zergärleriň biridi. Gurbannazaryň ussaçylyk edip oturanyny birinji gezek görşümdi. Ýöne onuň baryp ýetginjek mahaly ýasan gülýakasynyň mekdep okuwçylarynyň ýurt boýunça geçirilen sergisine, soňra Hindistandaky halkara sergisine gatnaşandygyny bilýärdim. Şol sergide gürüm-jürüm bolan gülýakasy barada goşgam ýazypdy:

Nirde meniň gülýakam,

Haýsy ýerlerde ýörsüň?

Bombeýdemi, Delide,

Niçik sergide dursuň?

Egnine köneje penjegini ýasgynjak atyp işläp oturan Gurbannazara agzymy öweldip galypdyryn. Şahyram muny duýupdyr:

— Çaryşka, ynha, öýlenseň, gelniňe gülýakany özüm elin ýasap biýrin!

Ol muny gara çyny bilen halys ýürekden aýdypdy. Şonda näme jogap berjegimi bilmän, ýygrylyp oňaýdym. Arman, aljak gelnime Gurbannazaryň ýasap bermegi wada beren gülýakasyny dakynmak nesip etmedi.

Talapkärçilik

Gurbannazar ömrüniň ahyrynda Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginiň poeziýa hem-de ýaşlar bilen işleşmek boýunça seksiýasynyň edebi konsultanty bolup işledi. Gürrüňi edilýän döwürde onuň nobatdaky zähmet rugsadyndan gelip durşudy. Ol ýaşuly ýazyjy Aşyr Nazarow bilen bir kabinetde oturardy.

— Gurbannazar, dynç mahalyň goşgy ýazyp bildiňmi? — diýip, kärdeşi oňa sowal berdi.

— Ýazdym, Aşyr aga...

— Köp ýazdyňmy?

— On-on bäş dagy bardyr.

— Şunça wagtyň içinde bary-ýogy on-on bäş goşgy ýazdyňmy?

— Aşyr aga, men saýlantgy goşgulammyň hasabyny aýdýan. Ähli ýazan goşgulammyň sany ýüzdenem geçýändir.

Gurbannazar Ezizow döredijiligine gezek gelende juda talapkärdi. Ol türkmen edebiýatyna täze öwüsgin, täze öwüşgin getiren şahyrdy. Gurbannazar ýöne ýere:

«Ýazjak bolsaň batyr goşgy ýazmaly! Oňarmasaň zaýalama syýany...» diýmändi ahyry...

Halkyň şahyry

Gurbannazar halkyň şahyrydy. Onuň şygyrlarynyň setirleriniň nakyla öwrülip gidenleri-de kändir. Bir waka ýadyma düşýär. Gurbannazar aramyzdan gidenden soň — dört gyzdan soň mirasdüşer ogly dünýä inipdi. Ogly Serdar ýetişip, ony öýermekçi bolan mahallary Halnabat gelneje (şahyryň maşgalasy) garyndaş zenanlaryň biri bilen halat-serpaý almak üçin jygyllyga gidýär. Ikisi aýlanyp ýörüşlerine bir gelniň ýanynda säginýär. Halnabat gelnejäniň ýanyndaky zenan satyja şeýle diýýär:

— Bu gelin şahyr Gurbannazar Eziziň aýaly. Ýalňyz ogluny gözli-başly etjek bolýa. Halatlyk üçin bir kişilik gowuja mata gerek.

— Hä, Gurbannazar şahyryň gelni diýsene! — Mata satýan aşaklyk bilen Halnabat gelnejäni synlaýar. Soňam Gurbannazaryň goşgusyny ýatdan okamaga durýar:

Söýüň meni — siziň sadyk guluňyz,

Soňra menden size galar şeýle paý,

Men size bahasyz serpaý ederin —

Şalaryň elinden gelmejek serpaý.

Mata satýan özüni ykjamlabam, şeýle diýýär:

— Geregiňiz halatlyk serpaý bolsun. Iň gowusyny saýlarys. Nyrhy bilenem işiňiz bolmasyn. Gurbannazar şahyryň ogly öýlenýän bolsa, goý, menden toý gatanjy bolsun!

Ýönekeý, sada türkmen maşgalasy! Şahyryň goşgularyny ýatdan okap dur. Muňa goşgynyň gudraty, şahyryň gudraty diýäýmek galýar. Okyjylar Gurbannazaryň goşgularyny ýatdan bilýärler. Şol goşgulary dilleriniň senasyna öwürýärler.

Gurbannazar Ezizow türkmen halkynyň baky saýrak dilli şahyry, baky saýrak bilbili. Indi saýrak bilbiliň özi saýramasa-da, onuň şygyrlary saýraýar.

Çary GELDIMYRADOW,

ýazyjy.

Başga makalalar
167640d040aa48.jpeg
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR

Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.


16763142fb612d.jpeg
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.


166d54214e46ff.jpeg
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji

Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

166a501481866d.jpeg
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.


166869e1423b02.jpeg
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär

Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.