Makalalar

Aly ALYÝEW: «Bagtyýarlyk döwrüni wasp edip, aýdym aýdasym gelýär»

https://ussatnews.com/storage/posts/3011/original-16220688f70472.jpeg

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň mukamlar köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ada mynasyp bolan Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň döredijilik toparynyň «Türkmen äheňleri» estrada-simfoniki orkestriniň ýokary derejeli sazandasy Serdar Haýdarowa, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Medeniýet bölüminiň medeniýet merkeziniň hünärmeni Aly Alyýewe, şeýle-de Mary welaýatynyň Mary şäher Bagşylar öýüniň akkompaniatory Azat Oramadowa şa serpaýlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Biz hem şa serpaýyna mynasyp bolan aýdymçymyz Aly Alyýew bilen taýýarlan söhbetdeşligimizi ussatnews.com elektron gazetiniň okyjylary üçin ýetirmegi makul bildik.

— Aly, ilki bilen sizi hormatly Prezidentimiziň Permany bilen mynasyp bolan hormatly adyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Size sungat äleminde hemişe üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris!

— Sag boluň! Ýyl¬lar şow¬ly ge¬len¬de päk zähmetiň höziri aýratyn mana eýe bolýar. Ýaşlygyň, ýaşlaryň gadyry bilnende juwan kalbyň hyjuw-gaýratdan, alkyş bulagyndan gaýnap-joşýar. Men edil şu günler şeýle ajaýyp duýgulary başdan geçirýärin. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly meni üçin hem-de bagtyýar maşgalam üçin ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň birnäçesi bilen birlikde maňa hem «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ada mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Bu belent hormat meni has-da yhlasly işlemäge ruhlandyrdy.

«Dur¬muş¬da iň uly bagt nä¬me?» diýip soranlarynda, pikirlenmezden, «Gadyryň bilinmegi» diýip jogap bererdim. «Begençden, şatlykdan başym göge ýetdi» diýilýän jümläniň anyk-aýdyň manysyna Şa serpaýyna mynasyp bolan pursatlarym has çuňňur göz ýetirdim. Tüýs gadyryň bilinýän, çeken zähmetiň hözirini duýulýan pursat, megerem, şeýle duýgular bilen bagly bolsa gerek. Şonuň üçin hem bize her bir işde döredijilikli zähmet çekmäge döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin medeniýetimiziň we sungatymyzyň Hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

— Söhbetimizi sungata gelşiňiz, aýdymçy bolmak höwesiňiz dogrusynda dowam etsek!

— «Adam arzuwsyz bolmaz, guş ganatsyz» diýlişi ýaly, her bir adamda çagalykdan bir hünäri ele almak, il-güne wepaly, Watanyň ösüşlerine goşant goşmak höwesi döreýär. Ähli sungat adamlarynyň sungata gelşi üýtgeşik bolýar. Meniň hem sungata gelşim örän täsin. Entek mekdep okuwçysykam aýdymçy bolmak höwesi döredi.

1989-njy ýylda Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda eneden doguldym. 4-nji synpdan başlap etrabymyzdaky çagalar sungat mekdebine gatnap başladym. Bu ýerde halypa mugallymlarymdan milli saz guralymyz bolan dutar çalmagyň inçe syrlaryny öwrendim. Ymamguly Baýramgulyýew maňa halypalyk edip, dutar saz guralynda birnäçe sazlary çalmagy, aýdym aýtmagy öwrendim. Orta mekdebi tamamlap, harby gulluga gitdim. Watan öňündäki gulluk borjumy berjaý edip gelenimden soň, 2009-njy ýylda paýtagtymyzdaky Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Talyplyk ýyllary, ýagny 2012-nji ýylda ilkinji gezek Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň ýeňijisi bolup, Gahryman Arkadagymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Şeýle hormata ikinji gezek 2021-nji ýylda mynasyp boldum.

Her ýyl Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly aýdym-saz bäsleşigine hem sekiz gezek gatnaşdym. Bu bäsleşikde hem birnäçe gezek öňdäki orunlara mynasyp bolmak bagty miýesser etdi.

— Ilkinji ýerine ýetiren aýdymyňyz, şeýle-de sungatda size üstünlik getiren aýdymlaryňyz barada belläp geçseňiz.

— Her bir sungat ýa döredijilik işgäriniň ilkinji ýerine ýetiren aýdymy, döreden sazy, ýazan goşgusy hemişelik ýadynda galýar. Meniň ilkinji gezek «Geregim» atly aýdymy ýerine ýetirdim. Bu aýdym diňleýjiler tarapyndan gyzgyn garşylandy. Dürli ýyllarda döreden «Ýaryma çenli», «Ýalňyzlyk», «Arkadag», «Aşgabat agşamlary», «Dostlar», «Tans oýna», «Gara gözleriň» ýaly aýdymlar maňa uly üstünlikleri getirdi.

«Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly adyň şahadatnamalarynyň gowşurylyş dabarasynda, bu hormatly ada mynasyp bolan kärdeşlerimiz bilen bilelikde «Sungata sarpaňa sag bol, Arkadag!» atly aýdymy ýerine ýetirdik.

Häzirki wagtda hem biz ýaşlara her bir işde görelde mekdebi bolup durýan Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleriniň waspyny ýetirýän ajaýyp aýdymlaryň üstünde işleýäris. Nesip bolsa ýurdumyzda bellenilýän toýdur baýramlarda täze aýdymlarymyz bilen çykyş edip, zähmetsöýer halkymyzyň armasyny ýetirjekdigimizi ynandyrýaryn.

— Aly, siziň pikiriňizçe, gowy aýdymyň döremegi üçin aýdymçynyň ussatlygy ýeterlikmi?

— Elbetde, ýok. Ilkinji nobatda gowy goşgy gerek. Oňa-da mynasyp äheň tapmaly. Gowy goşgynyň äheňi hem özi bilen gelýär. Kompozitor bolsa goşga kybap geläýjek saz ýazýar. Meniň aýdymlarymyň sazlaryny kompozitor, «Türkmenistanyň at gazanan artisti» Begenç Saparlyýew, Meýlis Täçliýew ýazýar. Sözlerini bolsa özüm, şeýle-de şahyr Annabaýram Aýdogdyýew ýazýar. Dürli ýyllarda döreden aýdymlarymyz halk köpçüliginiň söýgüsine mynasyp boldy. Birzady belläsim gelýär, gowy aýdymyň döremegi üçin aýdymçynyň ussatlygy zerur.

— Durmuşda öwrenen iň uly sapagyňyz näme?

— Zähmetsöýer bolmaly. Edýän işiňe ynamly bolup, adamlara näme ýetiresiň gelýär. Şony bilmeli. Täzeçil, döwrebap pikirlenip, «bäh» munuň ýaly etseňem bolýar eken diýdirmeli.

— Aly, okyjylarymyzy siziň maşgala ýagdaýyňyz gyzyklandyrýan bolsa gerek.

— Biziň bagtly maşgalamyz bar. Gelnim bilen iki oglumyzyň, bir gyzymyzyň bagtyna guwanyp ýaşaýarys. Heniz mekdep okuwçysydygyna garamazdan çagalarym hem aýdym-saza höwes edýärler. Olaryň aýdym aýtmaga bolan höwesi meni has-da buýsandyrýar. Pederlerimiziň «Ata kesbi ogla halal» diýen parasatly jümlesiniň has-da dabaralanýandygyna şaýatlyk edýär.

— Adamlarda halaýan we halamaýan häsiýetleriňiz?

— Halaýanlarym mylaýymlyk we dogruçyllyk. Halamaýanlarym hem şolaryň tersi. Haýbat atyp gürleýän ýa-da ýalançy adamlar bilen mäşim bişişenok.

— Käbir pursatlary yza dolamak, goýberen ýalňyşlyklaryňyzy düzetmek islärdiňizmi?

— Ýok, eger başgaça bolan bolsa, şol pursatlaryň gadyryny bilmezdim. Dogry, ýalňyşlyklar hem, bärden gaýtmalar hem, şowsuzlyklar hem boldy. Ýöne olaryň her biri kämilleşmegim üçin bir sapak eken.

— Biz siziň sport bilen hem gyzyklanýandygyňyzy bilýäris.

— Hawa, bize bagtyýar döwri peşgeş beren Gahryman Arkadagymyz ähli ugurda bize halypa mekdebi bolup durýar. Bu günki gün eziz Diýarymyzda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga ähli mümkinçilikler döredilen. Bu bolsa ýurdumyzda sagdyn bedenli ýaşlary kemala getirmek ugrunda alnyp barylýan işleriň has-da rowaçlanýandygyny görkezýär. Sportuň her bir görnüşiniň özüne ýetik gyzygy bar. Men hem çagalygymdan futbol bilen gyzyklanyp gelýärin. Boş wagtlarymyz kärdeşlerimiz bilen birlikde futbol oýnap, wagtymyzy sagdyn durmuş ýörelgesine gönükdirýäris.

—«Nebit-gaz» gazetiniň okyjylaryna ýetirmek isleýän arzuwlaryňyz bardyr...

— Bagtyýar zamanada ýaşaýan ildeşlerimize jan saglyk, agzybirlik arzuw edýärin. Goý, her bir öýde ene hüwdüsi, çagajyklaryň gülküsi belentden ýaňlansyn! Türkmen halkyny bagtly günleriň gujagynda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun! — Beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin sag boluň, Guwanç! Bizem size işiňizde üstünlik, döredijilik dünýäňizde rowaçlyk arzuw edýäris.

— Aly, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin sag boluň. Size sungat äleminde üstünliklerdir rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

— Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň uludankiçä her birimiziň öz ornumyz, arzuwymyz, mynasyp sarpamyz bar. Şonuň üçin şu ajaýyp zamanada ýaşamagam, işlemegem, döretmegem uly bagt. Çeken zähmetiňe döwlet derejesinde hormat goýulmagy bolsa, depäňi gök diredýär. Sag bolsun, Gahryman Arkadagymyz!

Biz — ýaşlara döredip berýän mümkinçiliklerine buýsanjymyz çäksizdir. Bu gün ykbalymyz ak ýollardan, şaýollardan bagtly geljege barýar. Çäksiz begenýäris. Ýaşlaryň ýurduň diňe bir geljegi däl-de, eýsem, şu günki güni üçin hem ygtybarly güýje öwrülendigini özümize bildirilýän ynamyň, döredilýän mümkinçilikleriň mysalynda anyk-äşgär göz ýetirýäris. Nesip bolsa, Watanymyzyň, hormatly Prezidentimiziň bildiren belent ynamyny ödemäge çalşarys. Joşgunly aýdymlarymyz, başarnygymyz bilen döwrümiziň beýik hakykatyny, şu günki gülleýişlerimizi aýdym sazlarda wasp edip, milli medeniýetimizi müňýyllyklara ýaýmaga öz goşandymyzy goşarys. Bu biz üçin uly borçdur, möhüm wezipedir, jogapkärçilikdir. Watanyň, halkyň öňündäki özümize bildirilen uly ynama berýän jogabymyzdyr.

Her bir işde öz halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda döwletli başlangyçlary durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň ömri uzak bolsun! Watanymyzy gülletmek üçin alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!

Söhbetdeş bolan Şamyrat MUHAMMETGURBANOW,

žurnalist.

Başga makalalar
167640d040aa48.jpeg
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR

Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.


16763142fb612d.jpeg
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.


166d54214e46ff.jpeg
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji

Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

166a501481866d.jpeg
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.


166869e1423b02.jpeg
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär

Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.