Habarlar

Nebit RF-niň ABŞ-a ibermelerini togtatmak mümkinçiligi zerarly barreli üçin 139 dollara çenli ýokarlandy

https://ussatnews.com/storage/posts/3046/original-16228c3f2dd621.jpeg

Duşenbe güni nebit barreli üçin 140 dollara çenli ýetip, 2008-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesine çykdy. Bu ýagdaý ABŞ-nyň Russiýanyň importyna gadaganlyk goýmak mümkinçiliginiň netijesinde ýüze çykdy, diýip Interfaks habar berýär.

Birleşen Ştatlar Ýewropadaky hyzmatdaşlary bilen rus nebitiniň importyndan ýüz öwürmek mümkinçiliginiň «işjeň ara alyp maslahatlaşýarlar», diýip döwlet sekretary Entoni Blinken NBC teleýaýlymyna interwýusynda belledi.

Waşington ýewropaly hyzmatdaşlary gatnaşmazdan hem embargo edip biler diýip, Bloomberg agentliginiň iki sany çeşmesi habar berdi. Şol bir wagtda bu babatda karar heniz kabul edilmedi.

Kongressiň wekiller palatasy rus nebitiniň importyny gadagan etmek hakynda kanunçylyk namasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini öwrenýär diýip, aşaky palatanyň spikeri Nensi Pelosi habar berdi.

Resmi amerikan maglumatlarynyň görkezmegine görä, ABŞ-nyň nebit importynyň 3%-i Russiýanyň paýyna düşýär.

Waşingtonyň aýdanlaryndan soň, Brent nebitiniň bahalary duşenbe güni söwda başlandan soň, 18% ýokarlanyp, 139 dollara çenli bardy. Emma soňra ol 129 dollarda saklandy.

JPMorgan Chase & Co. analitikleriniň pikirine görä, Brent ýylyň ahyryna çenli Russiýadan ibermeleri saklanyp galsa, 185 dollara ýetip biler.

Başga habarlar
16adb19570f601.jpeg
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň, mekdebiň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nusgalyk Döwlet taglymaty we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň demokratik ýoly bilen geljege tarap» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.


16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.


16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.

16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.