Rysgal-bereket bolçulygy
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly içeri syýasaty esasynda, ýurdumyzda ilaty özümizde öndürilýän, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda azyk önümlerini gaýtadan işlemegiň hasabyna öndürilýän önümleriň halkymyzy bolelin üpjün edip, artykmaç öndürilen önümi dünýä bazarlaryna çykarmaga mümkinçilik bar. Sebitiň ýurtlarynda Türkmenistan öndürilen azyk we beýleki önümleriň ekologiýa babatda arassalygy, azyk önümleriniň ýokumlylygy babatda belent abraýa eýedir. Ähli babatlarda dünýä ülňülerine laýyk gelýän azyk önümlerini öndürmek üçin ozaly bilen ýurdumyzda daýhan birleşikleriň, kärendeçileriň iş şertlerini gowulandyrmak, olara dünýäniň abraýly iri kompaniýalarynyň öndürýän dürli oba hojalyk enjamlaryny, tehnikalaryny we ulaglaryny satyn alyp bermek barada çäreler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda barha rowaçlanýan ýyladyşhana hojalyjklarynda miwe we gök önümleri gyşyn-ýazyn ýetişdirilmek bilen, olar terligine we gaýtadan işlenen önüm hökmünde bazarlarymyza bezeg berýär.
Döwlet Baştutanymyzyň ýereleri daýhanlara 99 ýyllyk möhlet bilen kärendesine bermek, kärende ýeriniň 70 göterimine esasy ekin görnüşlerini ekip, galan 30 göterimine özüniň islän ekin görnüşlerini ekmegine mümkinçilik döretmek, döwlet tabşyrygyndan artyk taýýarlanan önümleri özbaşdak ýerlemäge hukuk bermek babatda durmuşa geçirilen özgertmeler daýhanlaryň ýere bolan yhlasyny has-da artdyran ýagdaý boldy. Häzirki wagtda ýurdumyzda bugdaýyň, şalynyň, beýleki gök we bakja ekinleriniň ýylyň-ýylyna bol hasyly ýetişdirilýär. Şonuň üçin hem dünýäde dowam edýän ykdysady çökgünlige garamazdan, halkymyzyň saçagy mydama doly, ojaklar döwletli, saçaklar bereketli.
Biz ýurdumyzy ykdysady we medeni ösüşler ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan mähriban Arkadagymyza uzak ömür, jan saglyk, döwletli işlerinde hemişe üstünlik arzuw edýäris.
Gurtgeldi ÖWEZOW,
Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň talyby.
Türkmenistanyň «ýaşyl» energiýa diplomatiýasy
Adamzat uzak taryhynyň dowamynda tebigata golaý durup, onuň baýlyklaryna, arassa ekologik gurşawyna örän aýawly çemeleşmäge çalyşýar.
«Ýaşyl» energiýa — geljegiň abadançylygy
«Ýaşyl» energiýany ulanmagyň, ýagny Günden, ýelden we suwdan energiýa almagyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary (nebit, gaz, kömür we başgalar) energiýa hökmünde peýdalanmakdan esasy tapawutlarynyň biri, bular ulanylanda atmosfera giňişligine metanyň, kömürturşy gazynyň zyňylyp hapalanmagynyň düýbünden diýen ýaly bolmaýanlygydyr.
Aşgabat — Türkmenistanyň Prezidentiniň şähergurluşyk syýasatynyň beýany
Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar, döwlet Baştutanymyz halkymyz baradaky aladany amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.
Ekologiýa abadançylygy — döwrüň baş talaby
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy gorap saklamak, ekologiýa taýdan arassa şertleri üpjün etmek, zyýanly zyňyndylaryň möçberini azaltmak, ozon gatlagyny gorap saklamak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler giň gerime eýe bolýar.
Ekologiýa abadançylygyna, «ýaşyl» ykdysadyýete möhüm ähmiýet berilýär
Dünýäde ilatyň sanynyň artmagynyň, önümçilikleriň depgininiň ýokarlanmagynyň netijesinde ykdysadyýetiň ösmegi dowam edýär.