Ýeralma — saçaklaryň berekedine öwrülýär

12:00 07.10.2020

https://ussatnews.com/storage/posts/33/original-15f8fe03f4769e.jpeg

Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň oba hojalyk işgärleri ilatyň gök-bakja we miweli önümleri bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmakda hem-de olaryň hilini gowulandyrmakda, ak bazarlarda oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döretmekde tutanýerli işleri alyp barýarlar. Agrosenagat toplumynyň işini kämilleşdirmek, döwrebaplaşdyrmak barada öňde goýlan wezipelere özleriniň tutanýerli zähmetleri bilen jogap berýän daýhan birleşikleriň, hojalyklaryň ussat kärendeçileri ýylyň-ýylyna guwandyryjy netijeleri gazanýarlar.

Topraga bagry badaşan tejribeli kärendeçiler ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak ugrunda irginsiz iş alyp barmak bilen, irgözinden ekin-dikin aladalaryna gurşalyp, ýerleri sürmekde, tekizlemekde, suw tutmak, ýap çekmek çärelerini öz wagtynda üstünlikli geçirmekde we topragy dökünler bilen gurplandyrmakda yhlaslylyk görkezýärler. Bu möhüm çäreleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi oba hojalyk önümleriniň bolçulygynyň döredilmegine itergi berýär. Etrabyň daýhan birleşikleri şu ýyl 1500 gektar ýerde gant şugundyry, 422 gektar ýerde bolsa, ýeralmany ekip, häzirki wagtda olardan bol hasyl aldylar.

Etrabyň ussat kärendeçileri ekin meýdanlarynda ýeralmanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek bilen bilelikde, häzirki wagtda hem daýhan birleşiklerinde ýeralmany ýygnamak işlerini gyzgalaňly dowam edýärler. Her günde onlarça tonna ýeralma ýygnalyp, döwlet harmanyna tabşyrylýar. Gazanylýan üstünliklere etrabyň «Goç», Döwletmämmet Azady adyndaky daýhan birleşikleriniň ussat kärendeçileri has-da saldamly goşant goşýarlar.

Saparmyrat HAKMYRADOW,

öz habarçymyz.

Başga makalalar
165bcdd8955012.jpeg
Durmuş hakykatyny ýazan

Ussat ýazyjy Hojanepes Meläýewiň ýiti galamyndan çykan «Tylla teňňeler», «Düýnki gelinler», «Daň ýyldyzy», «Garagumuň bürgütleri», «Durmuş dowamaty», «Aşyk oglan», «Ynsan keşbi» ýaly kitaplary öz döwründe okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Golaýda ýazyjynyň maşgalasy, halypa žurnalist Kümüş Meläýewa bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi:


165a96965a6c7e.jpeg
GONŞULAR (Hekaýa)

Bu wakalaryň bolan döwri — geçen asyryň 60-njy ýyllarynda, köçelerde ýeňil ulaglar gaty seýrekdi. Obada bolsa bir ýa iki adamda ýeňil ulag bardy. Şeýle bolansoň, ýeňil ulagly adamlar beýlekilere garanda mertebeliräk görünýärdi, goňşy-golamlaryň olara hormaty hem artygrakdy. Ýöne bu hormatyň aňyrsynda gerek wagty ulagyndan peýdalanarys diýen tamakinçilik hem ýok däldi.


162a17c5d6f814.jpeg
GUŞÇULYK: döwre laýyk we bäsdeşlige ukyply

Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Bu wezipäni amala aşyrmak üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirkizaman önümçilikleri döredilýär. Beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan oba hojalyk önümler özümizde giňden öndürilip başlandy.

16229fa7e75bf6.jpeg
Hiç zat tötänlikden däl (Hekaýa)

Şol gün Nazar işine hemişekisinden gijräk galyp barýany üçin çalt ýöräp, duralga geleninde awtobus hem garaşdyrman geläýdi. Awtobus saklanandan Nazar howlugyp, dogrusyndaky öňki gapa tarap okdurylanynda ondan düşüp gelýän gyzyl paltoly gyz bilen çaknyşanyny duýman galdy. Gyz gaşlaryny çytyp:


16229f9e9aeedc.jpeg
MÄHRE ÝUGRULAN ÝÜZ ÝYL

Etrek etrabynyň Gyzylbaýyr obasynyň ýaşaýjysy, 100 ýaşly ene Gurbantäç Alaýewa — il-günüň uly hormat-sarpasynyň eýesi. Halk arasynda Älem ene ady bilen tanalýan, bir asyry arka atan ene bu gün Gahryman Arkadagymyzyň göwün galkyndy- ryjy beýik işlerine, eşretli günlerimize tüýs ýürekden guwanyp, buýsanyp ýaşaýar.