Abatlaýjylaryň saldamly goşantlary
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny täze belentliklere götermekde we baýlyklar känlerinden alynýan ýangyç çig mallarynyň möçberlerini artdyrmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň Balkan welaýatyndaky guýylary abatlaýjylar müdirlikleri netijeli işleri amala aşyrýarlar. Önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden nebit-gazly guýylary düýpli abatlap, täzeden hatara goşmakda bu müdirlikler boýunça “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň geçen döwründe öwgä mynasyp işler bitirildi. Gürrüňi edilýän döwürde tutuş konsernin boýunça düýpli abatlaýjylaryň tagallasy bilen gaýtadan hatara goşulyp, önümçilikçilere tabşyrylan guýylaryň sany 129-a ýetdi. Munuň özi göz öňünde tutulandan 22 guýy köpdür. Abatlaýjylaryň yhlasy bilen bu döwürde 14 müň 670 tonna «gara altyn» alnyp, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýan zawodlar toplumyna ugradyldy. Täzeden herekete girizilen guýylaryň hasabyna çykarylan “mawy ýangyjyň” möçberi bolsa 3 millon 900 müň kub metre barabar boldy.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň nebit-gaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda zähmet çekýän Balkanabatdaky «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň guýylary abarlaýjylar müdirlikleriniň ählisi dünýäniň öňdebaryjy öndürijileri bolan Germaniýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Hytaýyň, Russiýa Federasiýasynyň nebit-gaz senagatyna ýöriteleşdirilen täze has kuwwatly tehnikalarydyr desgalary, kämil tilsimatlarydyr enjamlary bilen yzygiderli üpjün edilýär. Munuň özi Arkadagly Serdarymyzyň nebitgazçylaryň öňünde goýan täze sepgitlerine ýetmekde we “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylyny zähmet üstünliklerine beslemekde ýakyndan ýardam berýär.
Tuwakgylyç Geldiýew,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň Awtoulag we ýöriteleşdirilen tehnikalar müdirliginiň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor
Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.