Türkmenistanyň Prezidenti we Tatarystanyň Baştutany ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow geçen ýekşenbe güni Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda bar bolan gyzyklanmalary hem-de uly kuwwaty, köp ýyllaryň dowamynda birnäçe iri taslamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde bilelikdäki işiň oňyn tejribesi bilen berkidilen mümkinçilikleri hasaba almak bilen, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ileri tutulýan ugurlary barada düýpli pikir alyşmalar boldy.
Türkmenistanyň Tatarystanyň “KamAZ” we “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleri, Kazan dikuçar zawody we beýleki iri kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy munuň aýdyň mysalydyr. Prezident Rustam Minnihanow Tatarystanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz ornuny pugtalandyrmaga aýratyn gyzyklanma bildirýändikleri barada aýdyp, muňa ýurtda döredilen amatly maýa goýum gurşawynyň hem-de öz üstüne alan borçnamalaryna pugta eýerýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň ýokary halkara abraýynyň ýardam berýändigini belledi.
Ýangyç-energetika toplumy, ulag-kommunikasiýa, söwda-ykdysady ulgamlar, oba hojalyk pudagy, ylma esaslanýan ýokary tehnologiýalar, işewürlik düzümleriniň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Şeýle hem maşyn gurluşygy, nebiti gaýtadan işleýän we gazhimiýa senagatynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar üçin uly mümkinçilikler bar.
Serdar Berdimuhamedow Tatarystanyň soňky ýyllarda sanly tehnologiýalary işläp taýýarlamak we ornaşdyrmak babatda uly tejribe toplandygyny belläp, Türkmenistanyň häzirki zaman tehnologiýalary ulgamynda bu öňdebaryjy tejribäni peýdalanmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti soňky ýyllardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn derejesine ýokary baha berip, ýurdumyzyň Tatarystany ygtybarly we geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýandygyny nygtady.
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys
«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.