Iň uly emeli adalar
Ynsanyň tebigatdan alýan gözellik lezzetiniň üstüni ýetirmek, dürli ekologiki meseleleri çözmek, şeýle hem ýurduň çägini giňeltmek üçin dünýäde ynsan eli bilen döredilen emeli adalaryň hem sany barmak basyp sanardan kändir.
Şeýle adalaryň iň ulusy Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu Dabi emirligine degişli bolan «Palmalar» adalar toplumydyr. Umumy meýdany 25 inedördül kilometr bolan, palma agajynyň şekilinde gurlan bu adalar toplumynyň Jebel we Palma adalary Dubaý emirligi tarapyndan gurlandyr.
Bu adalaryň ählisi sporty, dynç alşy we güýmenjeleri indusrtiýa esasynda ösdürmek üçin goýberilen maýalar hökmünde gurlandyr. Ýokardan seredeniňde palma agajynyň baldagyny we şahalaryny ýada salýan köp sanly ada böleklerinden durýan bu täsinlik gözelligi bilen köpleriň ünsüni özüne çekýär.
Şeýle emeli adalar Ýaponiýada hem bina edilendir. Olaryň bäşisinde howa menzilleri bardyr. Şeýle-de olarda birnäçe myhmanhana, dükanlar, seýilgähler, muzeýlerdir maslahat zallary, dikuçar bekedi ýerleşýär.
Şeýle emeli adalaryň 7-si ABŞ-nyň Florida ştatynda hem bardyr. Olaryň 6-sy ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin, 7-njisi bolsa dynç almak üçin niýetlenendir.
Bu emeli adalar guryýer bilen ýörite gurlan köprüler arkaly birleşýär.
Hakberdi JUMAMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler
19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
TOPH: sebitiň ykdysady ösüşiniň gözbaşy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň (TOPH) taslamasy häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri bolup durýar.