Makalalar

«Gara altynyň» goşmaça tonnalary

https://ussatnews.com/storage/posts/3588/original-1628d0315cad0b.jpeg

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleri şu günler iş depginlerini barha ýokarlandyrýarlar. Muňa geçen hasabat döwründe önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýulary düýpli abatlap, täzeden hatara goşmakda bitirilen işler hem şaýatlyk edýär. Has takygy, gürrüňi edilýän dört aýda bu müdirlikleriň zähmet toparlary 26,3 müň tonna derek 42,3 müň tonnadan hem gowrak «gara altynyň» goşmaça çykarylmagyny gazandylar. Şonuň ýaly-da, geçen hasabat döwründe tutuş trest boýunça 219 sany guýuda düýpli abatlaýyş işleri üstünlikli amala aşyrylyp, olaryň 175-si önümçilikçilere tabşyryldy. Bu görkeziji bellenilen meýilnamadan 30 sany guýynyň artykdygyny aňladýar. Geçen döwür içinde gazanylan bu ajaýyp üstünliklere Gamyşlyja, Barsagelmez, Goturdepe guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleriniň hünärmenleri has-da saldamly goşant goşdular. Gamyşlyja guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginiň hünärmenleriniň 2 müň tonnadan hem gowrak «gara altynyň» goşmaça alynmagyny üpjün edendiklerini bolsa aýratyn nygtamak gerek.

«Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ilkinji ýylyny oňat netijelere beslemek üçin şu günler has-da tagallaly zähmet çekýärler. Bu bolsa, öz gezeginde, nebitgaz ulgamyny ähli taraplaýyn ösdürmegiň gündelik we geljek döwür üçin maksatnamasyny üstünlikli ýerine ýetirmäge aýgytly täsirini ýetirýär. Konsern öz düzüminde esasy we ýardam beriji kärhanalaryň onlarçasyny jemlemek bilen, nebiti, tebigy we ugurdaş gazy, gaz kondensatyny çykarmak, gözleg-agtaryş we ulanyş burawlaýşyny, ýangyç geçirijilerini, nebitgaz önümçiliklerini, gaz gysyjy desgalaryny hem-de gaz bölüji abzallaryny gurmak, oturtmak we abadanlaşdyrmak, guýularda ýerasty we düýpli abatlaýyş ýaly işleriň onlarçasyny talabalaýyk ýola goýmak üçin bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmagy başarýar.

Döwletimiz tarapyndan berilýän yzygiderli hemaýat-goldawlar netijesinde konserniň esasy we ýardam beriş düzümlerine degişli kärhanalary dünýäniň öňdebaryjy öndürijileri bolan Germaniýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Hytaýyň, Russiýa Federasiýasynyň nebitgaz senagatyna ýöriteleşdirilen täze, has kuwwatly tehnikalarydyr desgalary, kämil tilsimatlarydyr enjamlary bilen üpjün edildi. Guýy gazyjylar ýedi müň metre çenli dag jynslaryny gazmaga ukyply bolan Germaniýanyň «Bentek», Hytaýyň «ZJ-70DS», Russiýanyň «Uralmaş» kysymly burawlaýjy desgalaryny, guýulary düýpli abatlaýjylar ýük göterijiligi 80 tonnadan

120 tonna çenli bolan desgalary edindiler. Daşary ýurtlaryň kämil desgalaryna başarjaň erk edýän guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleriniň hünärmenleriniň gaýtadan hatara goşan guýularyndan şu ýylyň geçen hasabat döwründe tutuş trest boýunça 11,3 million kubmetre golaý «mawy ýangyjyň» goşmaça çykarylandygyny hem aýratyn nygtamak gerek. Bu ugurda gazanylan üstünligiň ählisi Gamyşlyja guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginiň paýyna düşýär.

Hojaberdi BAÝRAMOW,

Ussatnews.com.

Başga makalalar
16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.


16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.


169775e66ee8e5.jpeg
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor

Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.

1696bb3018965b.jpeg
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy

Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.


16950f2f47f594.jpeg
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi

Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.