Tigir sürmek – sagdyn ömür sürmek
Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň başlangyjy esasynda, her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped güni halkara derejede bellenilip geçilýär. Bu ajaýyp sene mynasybetli, şeýle hem ýurdumyzda sportuň bu görnüşine berilýän aýratyn ünsüň subutnamasy hökmünde paýtagtymyzyň gözel künjeginde «Welosiped» binasy bina edildi.
Tigir ekologiýa taýdan arassa ulag serişdesi bolup, ol beden saglygyny dikeltmekde we berkitmekde örän ähmiýetlidir. Lukmanlar welosipedli gezelenjiň bedeniň işjeňligini artdyrmaga, imuniteti berkitmäge, çydamlylygy ýokarlandyrmaga, emosional ýagdaýy durnuklaşdyrmaga ýardam edýändigini belleýär. Tigir sürmek diňe bir saglygyňy berkitmek bolman, eýsem ol her bir adamyň ekologiýa abadançylygyna goşýan özboluşly goşandydyr.
Tigir sürmek bilen meşgullanmaga täze başlaýan adamlar käbir düzgünlere berjaý etmelidir. Ýagny, ilkibaşda bedene artykmaç agram bermeli däl, türgenleşikler yzygiderli, ýöne az wagtlyk bolmalydyr. Sportuň ähli görnüşlerinde bolşy ýaly, tigir sürüp başlamazdan öň, 5-10 minutlyk beden gyzdyryjy maşklary ýerine ýetirmeli. Bu tigir sürülende beden süňklerine we myşsalara agram düşmekden goraýar.
Tigir sürmek bilen adamyň ukysy gowulanýar, ünsliligi, düşbüligi artýar, immuniteti ýokarlanýar, bedende garramak hadysasy haýallaýar, güýç-gaýratyň artyp, ruhuň göterilýär. Tigir sürmek häzirki zaman adamsy üçin durmuş ýörelgesi bolmalydyr.
Şamuhammet RAHMANBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Türkmenistanyň «ýaşyl» energiýa diplomatiýasy
Adamzat uzak taryhynyň dowamynda tebigata golaý durup, onuň baýlyklaryna, arassa ekologik gurşawyna örän aýawly çemeleşmäge çalyşýar.
«Ýaşyl» energiýa — geljegiň abadançylygy
«Ýaşyl» energiýany ulanmagyň, ýagny Günden, ýelden we suwdan energiýa almagyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary (nebit, gaz, kömür we başgalar) energiýa hökmünde peýdalanmakdan esasy tapawutlarynyň biri, bular ulanylanda atmosfera giňişligine metanyň, kömürturşy gazynyň zyňylyp hapalanmagynyň düýbünden diýen ýaly bolmaýanlygydyr.
Aşgabat — Türkmenistanyň Prezidentiniň şähergurluşyk syýasatynyň beýany
Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar, döwlet Baştutanymyz halkymyz baradaky aladany amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.