Habarlar

Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýat onkologiýa hassahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

https://ussatnews.com/storage/posts/3626/original-16293888f627f8.jpeg

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýat onkologiýa hassahanasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

3 gatly 150 orunlyk onkologiýa hassahanasy 59 müň inedördül metr meýdany eýeleýär. Halkara ülňülere laýyklykda, onkologiýa kesellerini anyklamakda we bejermekde netijeli kömek bermäge niýetlenen täze merkeziň peýda bolmagy dünýä lukmançylygynyň ösüşini nazara almak bilen, saglygy goraýşyň wajyp wezipelerini çözmekde nobatdaky möhüm ädim boldy. Onkologiýa hassahanasy ýokary derejä doly laýyk gelmek bilen, çalt bejergi işlerini hem-de himiki we toplumlaýyn terapiýany geçirmäge mümkinçilik berýän zerur gulluklaryň ählisine, ýokary tehnologiýaly enjamlara eýedir.

Bu ýerde 9 bölüm: maslahat beriş we anyklaýyş, endoskopiýa, umumy onkologiýa, gematologiýa, anesteziologiýa we reanimasiýa, radiologiýa, himiýaterapiýa, palliatiw bejeriş bölümleri hem-de barlaghana hereket edýär.

Döwlet Baştutanymyz tanyşlygy binanyň birinji gatynda ýerleşýän barlaghana bölüminde gurnalan, gistologik we sitologik barlaglary geçirmäge niýetlenen innowasion barlaghana enjamlaryny synlamakdan başlady.

Hormatly Prezidentimize Şweýsariýanyň “Roche Diagnostics” kompaniýasynyň howply täze döreme öýjükleriniň immunogistohimiki barlagyny öýjükleri reňklemek arkaly tassyklamak üçin niýetlenen “Ventana Immunohistochemistry” enjamlar toplumy görkezildi. Bu usul arkaly süýt mäzleriniň, öýkeniň howply täze döremelerinde, melanomada, limfomalarda howply täze döreme öýjükleriniň immunogistohimiki görnüşlerini anyklamak bolýar. Bu bolsa şol kesellerde has takyk bejergi geçirmäge mümkinçilik bermek bilen, gerek bolan derman serişdelerini saýlamaga ýardam edýär.

Barlaghana bölümi Germaniýanyň “Human” kompaniýasynyň ýarymawtomat biohimiki analizatory bilen enjamlaşdyryldy. Bu enjamyň kömegi bilen ganyň düzümindäki ähli fermentleri, elektrolitleri, beloklary, holesterini we onuň fraksiýasyny, glýukozany, glýukolizirlenen gemoglobini barlamak bolýar. “Humastar 200” analizatory özboluşly beloklary kesgitleýär hem-de antibakterial bejergileriň netijesini anyklamaga mümkinçilik berýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýanyň “Roche” kompaniýasynyň polimeraz zynjyr reaksiýasyny (PZR) geçirýän barlag enjamyny synlady. Bu enjam biohimiki, lukmançylyk-kriminalistik, molekulýar-genetiki barlaglary geçirmäge mümkinçilik berýär.

Onuň esasy artykmaçlygy ganyň düzümindäki RNK we DNK zynjyrlarynyň üsti bilen bar bolan ýokançly wiruslary ýüze çykaryp bilýändiginden ybaratdyr.

Bölümiň lukmany dünýä ülňülerine laýyk gelýän welaýat onkologiýa hassahanasynyň täze binasy hem-de adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmakda, keselleriň öňüni almakda, olary netijeli bejermekde uly ähmiýeti bolan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür hem-de Garaşsyz Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şol gatda ýerleşýän mammografiýa otagyna baryp, bu ýerde gurnalan lukmançylyk enjamlary bilen tanyşdy.

Hünärmen otagyň tehniki üpjünçiligi bilen tanyşdyryp, döwlet Baştutanymyza mammograf enjamyny görkezdi. Bu enjamyň kömegi bilen süýt mäzlerinde ýüze çykýan howply we howpsuz täze döremeleri we beýleki keselleri irki döwründe anyklamak bolýar. Sebitde deňi-taýy bolmadyk bu enjam 3D usulda işleýändigi bilen tapawutlanýar. Ol adamyň bedeniniň gurluşyna laýyklykda, dürli ölçeglerde we görnüşlerde barlaglary geçirmäge mümkinçilik berýär.

Bölümiň lukmany täze hassahanalaryň ulanmaga berlendigi üçin hormatly Prezidentimize ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, Daşoguz welaýatynyň saglygy goraýyş işgärleriniň seçip alan hünärine wepaly bolup, gije-gündiz tutanýerli zähmet çekjekdiklerine, hemişe halkymyzyň saglygynyň goragynda durjakdyklaryna ynandyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz kompýuter tomografiýasy otagyna bardy.

Bu otag Niderlandlar Patyşalygynyň “Philips” kompaniýasynyň kompýuter tomografiýasy enjamy bilen üpjün edildi. Bu enjam birnäçe aýratynlyklara eýe bolup, kelle-beýniniň dokumasynyň üýtgemelerini, irki döwürdäki gan ýetmezçilik, sowuklama, ownuk zeperlenme ojaklaryny, çylşyrymly damar kesellerini, bedende howply we howpsuz täze döremeleri irki döwürde takyk anyklamaga mümkinçilik berýär. Bellenişi ýaly, bu enjam kontrast serişdesini damaryň içine goýbermek arkaly içki beden agzalaryndaky keselleri ýüze çykarmaga ukyplydyr. Mahlasy, hassahanada ornaşdyrylan döwrebap enjamlar dürli keselleri irki döwürde ýüze çykarmaga hem-de bejerginiň has netijeli usullaryny kesgitlemäge ýardam edýär.

Bölümiň lukmany ilatyň saglygy baradaky çäksiz aladasy üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi. Onkologiýa hassahanasynyň işgärleri tutanýerli zähmet çekip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlaryna ýetmäge goşant goşarlar. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze hassahanalaryň gurulmagy bu aladanyň aýdyň subutnamasydyr.

Soňra döwlet Baştutanymyz radiologiýa bölümine baryp, howply täze döreme keselini şöhle arkaly anyklaýyş usuly bilen tanyşýar.

Bölümiň lukmany hormatly Prezidentimiz bilen mähirli salamlaşyp, “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurulýan hem-de adamyň saglygynyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyna şaýatlyk edýän täze, döwrebap saglyk merkezleri, hassahanalar, şypahanalar üçin hoşallyk bildirdi.

Hünärmen döwlet Baştutanymyza diňe ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş sebitde deňi-taýy bolmadyk Niderlandlar Patyşalygynyň “Philips” kompaniýasynyň ýörite enjamyny görkezdi. Bu enjam anyklanan täze döremelere şöhle bilen bejergi bermezden ozal, ony simulýasiýa etmekde ulanylýar. Döwrebap tehnologiýalary we programma üpjünçiligini özüne birleşdirýän bu enjam howply täze döremä beriljek şöhle bejergisini geçirmekde uly ähmiýete eýedir.

Soňra lukman ýörite taýýarlanylan wideoşekiller arkaly hormatly Prezidentimize ABŞ-nyň lukmançylyk enjamlaryny öndürmekde öňdebaryjylaryň biri bolan “Varian” kompaniýasynyň sagdyn öýjükleri goramak arkaly diňe syrkaw öýjükleri bejermäge mümkinçilik berýän innowasion enjamyny görkezdi. Häzirki wagtda munuň özi howply täze döremeleri bejermekde iň döwrebap enjam hasaplanýar. Ol özüniň oňyn täsiri babatda dünýäniň saglygy goraýyş ulgamynda ägirt uly gyzyklanma döretdi. Bu enjam aňsat ulanylýandygy, näsag üçin amatlylygy we howpsuzlygy bilen tapawutlanýar. Bejeriş geçirilen mahalynda, wideokameralar we degişli aragatnaşyk ulgamy arkaly näsag bilen gürleşip bolýar. Bu ýokary tehnologiýaly enjam ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynda ilkinji gezek ornaşdyryldy hem-de ilatyň sagdyn durmuşyny üpjün etmek boýunça wezipeleri çözmäge ýardam eder.

Lukman döwrebap bilim almak we ähli ulgamlarda netijeli işlemek babatda ýaşlara döredilen giň mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür we halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz endoskopiýa otagyna baryp, bu ýerde ornaşdyrylan enjam hem-de işlemek üçin döredilen şertler bilen tanyşdy.

Endoskopiýa bölümi “Olympus” meşhur ýapon kompaniýasynyň fibrogastroduodenaskopiýa üçin toplumy bilen üpjün edildi. Bu enjam aşgazan-içege ýollarynyň endoskopik barlagy üçin niýetlenendir. Ol aşgazan-içege ýollaryndaky täze döremeleri, döremäniň çägini, damarlanyşyny irki döwürde anyklamaga, agzalary punktirlemäge, biopsiýa almaga, ýerli bejergini hem-de az inwaziw operasiýalary geçirmäge mümkinçilik berýär. Endoskopiýa häzirki döwürde ýurdumyzyň lukmançylyk tejribesinde diňe bir keselleri anyklamak maksady bilen däl, eýsem, gyzylödegiň, aşgazanyň, ýogyn içegäniň, aşgazanasty mäziň, öt çykaryş ýollarynyň kesellerini bejermekde hem ulanylýar.

Lukman halkymyzyň saglygyny berkitmäge aýratyn üns berýändigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza bagtyýar durmuş, abadançylyk we uzak ömür arzuw etdi.

Binanyň birinji gatyndaky maslahat beriş-anyklaýyş bölüminde onkolog, rentgenolog, onkoginekolog, terapewt, gulak-burun-bokurdak, kardiolog lukmanlarynyň otaglarynyň ýerleşýändigini bellemek gerek. Bu bölümde gysga wagtda keseli anyklamak işi geçirilip, zerur bolan halatynda, ilkinji lukmançylyk kömegi berilýär. Otaglar döwrebap enjamlar bilen üpjün edildi. Munuň özi ýönekeý we çylşyrymly barlaglary geçirmäge mümkinçilik berýär.

Hassahanada elektron ulgam ornaşdyryldy. Ol yzygiderli aragatnaşyk saklamaga, beýleki hassahanalar bilen amaly we nazaryýet babatda maglumatlary alyşmaga, telelukmançylygyň mümkinçiliklerini ulanmaga ýardam edýär.

Umumy onkologiýa bölümi 50 orunlyk bolup, onuň otaglary bir ýa-da iki näsaga niýetlenendir. Ähli otaglarda diwara berkidilen konsollar, näsaglar üçin niýetlenen ýörite ýatylýan enjamlar, sowadyjy, telewizor, telefon, şkaf ýerleşdirildi we olaryň her biri aýratyn sanuzel bilen üpjün edildi.

Hassahananyň operasiýa bölümi 3 zaldan ybarat bolup, olaryň her biri dürli ugurlara degişli operasiýalary geçirmäge niýetlenendir. Olar Germaniýanyň “Karl Storz” kompaniýasynyň wideolaporoskopik sütün enjamy bilen enjamlaşdyryldy. Bu toplumyň kömegi bilen garyn boşlugynyň we kiçi çanaklygyň agzalarynyň howply täze döremeleri boýunça giňeldilen hem-de anyklaýyş operasiýa amallaryny ýerine ýetirip bolýar. Netijede, näsagyň hassahanada ýatýan döwri we işe ukypsyzlyk möhleti gysgaldylýar, operasiýadan soňky agyrylardyr gaýraüzülmeler azalýar.

Operasiýa otagyndaky kömekçi monitor, wideoýazgy ediji bilen üpjün edilen, operasiýalaryň geçirilmegi üçin niýetlenen mikroskop enjamy we beýleki dürli enjamlardyr abzallar toplumlary hassahanada dürli çylşyrymly operasiýalaryň ýokary takyklykda we kämil derejede ýerine ýetirilmegine mümkinçilik berýär.

Anesteziologiýa we reanimasiýa bölümi 12 orundan ybarat bolup, onuň esasy wezipesi keseli agyr näsaglara güýçlendirilen bejergi we dikeldiş çärelerini amala aşyrmakdan, hirurgiýa operasiýalarynda, anyklaýyş-funksional barlaglarynda agyrysyzlandyrmanyň dürli usullaryny ulanyp, näsaglara ýardam bermekden we hassahana gyssagly getirilen näsaglara gaýragoýulmasyz intensiw lukmançylyk kömegini bermekden ybaratdyr.

Himiýaterapiýa bölümi ýatymlaýyn we gatnawly bejergi almak üçin niýetlenendir. Bu bölümde howply täze döremeli näsaglarda himiýa bejergi, target bejergi, immunobejergi hem-de gormon bejergi usullaryny ulanmak bilen, konserwatiw bejergi geçirilýär.

Palliatiw bölümi 10 ýatymlaýyn orundan ybarat bolup, howply täze döremeleriň ötüşen görnüşleriniň palliatiw bejergilerini geçirmek üçin niýetlenendir.

Hassahanada 100 orunlyk mejlisler otagy, internet bilen üpjün edilen kitaphana, okuw sapagyny geçmek üçin niýetlenen otag hem bar. Şeýle-de bu ýerde naharhana, merkezleşdirilen kislorod stansiýasy, ýyladyjy we sowadyjy toplum, hassahananyň öz awtoulaglary üçin garaž, işgärleriň ulaglary üçin awtoduralga göz öňünde tutuldy.

Soňra şu gün ulanmaga berlen täze saglygy goraýyş edaralaryna halkara güwänamalary gowşurmak dabarasy boldy.

Hormatly myhmanlara — meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň we guramalaryň wekillerine söz berilýär.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Halkara “KTQ International GmbH” guramasynyň hassahanalaryň ýokary hil gözegçilik dolandyryjysy Jozef Galert Stanislaus şu günki dabara — dünýä derejesine laýyk gelýän hassahanalaryň açylyşyna gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirdi.

Myhman wekilçilik edýän guramasyndan Daşoguz welaýatynyň köpugurly we onkologiýa hassahanalaryna halkara güwänamalary uly buýsanç bilen gowşurdy. Olar näsaglara edilýän hyzmatyň, hassahananyň dolandyrylyşynyň, howpsuzlygynyň, maglumat we aragatnaşygyň, kliniki töwekgelçilikleri dolandyrylyşynyň, iş şertleriniň halkara standartlara laýyk gelýändigini kepillendirýär.

Soňra Niderlandlar Patyşalygynyň “Philips Medical Systems” kompaniýasynyň Russiýa Federasiýasyndaky edarasynyň baş direktorynyň orunbasary Artýom Padeýskä söz berildi.

Dünýä meşhur kompaniýanyň wekili hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we ähli türkmen halkyny sebitde deňi-taýy bolmadyk döwrebap saglygy goraýyş edaralarynyň ulanmaga berilmegi bilen gutlap, täze hassahanalara “Philips” kompaniýasynyň güwänamalaryny gowşurdy. Bu güwänamalar olaryň Merkezi Aziýada kompaniýanyň önümleri bilen üpjün edilen innowasion hassahanalardygyna şaýatlyk edýär.

Myhman şanly waka mynasybetli ýene-de bir gezek gutlap, bu hassahanalaryň açylmagynyň ilata lukmançylyk kömegini has ýokary derejede bermäge giň mümkinçilikleri döretjekdigine ynam bildirdi.

Soňra Niderlandlar Patyşalygynyň “Philips Medical Systems” kompaniýasynyň halkara hassahanalar taslama dolandyryjysy Herman Olthaar çykyş edip, şu günki açylyş dabaralaryna gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirdi hem-de bu saglygy goraýyş edaralaryna berlen, hassahanada ulanylan enjamlaryň tehniki häsiýetnamalara we düzgünnamalara doly laýyk gelýändigini kepillendirýän “ISO 9001” hem-de hassahanada ulanylan enjamlaryň we alnyp barlan gurluşyk işleriniň daşky gurşawa zyýansyzdygy barada “ISO 14001” halkara güwänamalaryny gowşurdy.

Gowşurylan güwänamalar täze hassahanalaryň ýokary hillidiginiň, olaryň ekologik howpsuzlygynyň we ýokary tehnologiýaly lukmançylyk enjamlary bilen üpjünçiliginiň dünýä ülňülerine doly laýyk gelýändiginiň nobatdaky ykrarnamasyna öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary Daşoguz welaýatynyň edara ediş merkezinde döwrebap hassahanalaryň açylmagy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, şu günki ajaýyp waka mynasybetli Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow onkologiýa hassahanasynyň işgärlerine ýöriteleşdirilen awtoulag serişdeleriniň açarlaryny gowşurdy.

Başga habarlar
1676944216f03e.jpeg
«Türkmennebit» DK SNGIZ-niň maddy-üpjünçilik binýadyny pugtalandyrmak üçin degişli işleri geçirmäge ygtyýar berildi

21-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi.


16761b11353604.jpeg
Gazçylaryň ýaş türgenleri ynamly ýeňiş gazandy

Ähli ugurlar boýunça uly üstünliklere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 19-njy noýabryndan 5-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Sport mekdebi tarapyndan Halkara bitaraplyk güni mynasybetli 2010 — 2014-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda şaýbaly hokkeý boýunça sport mekdebiniň açyk birinjiligi geçirildi.


1676148551ec42.jpeg
USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan Işlemek başarnyklary boýunça trening geçirdi

USAID-iň Häzirki zaman hünärleri ösdürmek taslamasy (YDA) frilanser bolup uzakdan işlemek başarnyklary boýunça gatnaşyjylar üçin trening meýilnamasyny üstünlikli tamamlady. Trening meýilnamasy 2-7 dekabr aralygynda "Ynamly Kepil" koworking merkezinde geçirildi.

1675ce1bb84609.png
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini gutlady.


1675a7ad43e8f6.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady.