Habarlar

Türkmenistanyň alymlary «Derweze» kraterini göz astyna almagyň usulyny işläp düzdüler

https://ussatnews.com/storage/posts/3810/original-162b5b67335448.png

«Türkmengaz» döwlet konserniniň ylmy-barlag institutynyň alymlary indi altynjy onýyllygyň dowamynda ýanmagyny dowam edýän «Derweze» kraterinde gaz çykmasyny gözegçilige almagyň usulyny işläp düzdüler. Bu barada bu institutyň direktory Baýrammyrat Pirnyýazow penşenbe güni Aşgabatda geçirilen «Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähtleri» atly Halkara ylmy maslahatynda eden çykyşynda belläp geçdi.

Maslahatda eden çykyşynda B.Pirnyýazow Aşgabatdan 270 kilometr uzaklykda ýerleşýän Derweze krateriniň döreýiş taryhyny ýatladyp geçdi.

Bellenilişi ýaly, 1963-nji ýylda Merkezi Garagum ýataklar toparynyň Çaljülbe gurluşynda gözleg skwažinasyny burawlap başlaýarlar, ýöne ilkinji sapar uly bolmadyk çuňlukda üstüne topragyň ýokarky gatlaklary çöken gazdan dolup duran boşluk tapylýar. Diametri 60 metre, çuňlugy 20 metre deň bolan boşlyk emele gelýär.

Şonda adamlaryň we haýwanlaryň gazdan zäherlenmeginiň öňüni almak üçin bu krateri otlaýarlar. “Gaz birnäçe günüň dowamynda ýanyp gutarar ýa-da bu gatlak, beýleki 5-7 kilometr uzaklykdaky suw bilen palçykdan dolup duran desgalarda bolşy ýaly, suwa dolar” diýlip çak edilýärdi.

Emma, garaşylýan ýagdaý ýüze çykmady. Elbetde, krateriň ýagdaýyny öwrenmek boýunça çäreler görüldi, ýumrulan gözleg skwažinasyny tapmaga synanyşyklar edildi. Munuň üçin hünärmenler krateriň düýbüne düşdüler. Eger, guýynyň sütüniniň sementlenen bölegi saklanyp galan bolsa, maýyşgak turbaly armaturlary oturtmak boýunça çäreler görülmelidi. Şonda gazy çykarmak prosesini dolandyryp bolardy. Ýöne welin, gazyň 20 metr radius aralykda dürli ýerlerden çykýandygy anyklanyldy we gözleg guýusynyň galyndylary hem tapylmady.

Mundan başga-da, bu çäkde ýerleşýän önümçilik guýularynyň işiniň netijelerine görä, gatlaklaryň arasynda gazyň kesimler boýunça akymy tassyklandy. Merkezi Garagumuň demirgazyk tarapynda 16 sany ýatakdan ybarat toparyň üsti açyldy. Häzirki wagtda olaryň sekizisinde 39 sany guýy işledilýär.

Bu ýataklar toplumynyň aýratynlygy inçe ejiz gatlaklaryň suwly we dykyz gatlaklar bilen aralaşmagyndadyr. Gatlaklaryň we ýataklaryň özara täsirlenmä eýedigi mälim boldy. Gözleg guýusy burawlananda, ýüze çykýan azgorly ýataklaryň krateriň uzak wagtlap ýanmagyna sebäp bolýandygy hem muňa mysaldyr.

Şunuň bilen baglylykda, biz Çaljülbe gaz käninde baha beriş guýusyny burawlamagy teklip etdik. Uly gaz gorlary bolan gatlakdan gazyň zarply çykarylmagy onuň süzüliş akymyny öwürmäge we kratere gözegçiliksiz akymyny azaltmaga mümkinçilik berer. Gazyň kratere gelýän akymynyň bady gowşadylandan soň, ony izolirlemek, ýagny üstüni doly ýapmak mümkin bolar.

Şeýle çözgüdiň hasabyna atmosfera düşýän gazyň gözegçiliksiz zyňyndylary doly ýok ediler.

Başga habarlar
16adada0f46906.webp
Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri: biz Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlydyrys

«Energetika. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» (OGT 2026) maslahatynyň mejlisiniň açylyşynda Malaýziýanyň ykdysadyýet ministri Akmal Nasrulla bin Mohd Nasir çykyş etdi.


16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.

16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.


16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.