Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy

https://ussatnews.com/storage/posts/3847/original-162bca61e181ac.jpeg

29-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI Sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara düşünişmek ýörelgelerine daýanýan döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilige kanagatlanma, şeýle hem netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidilmegine özara gyzyklanmany beýan etdiler.

Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Wladimir Putin däp bolan dostlukly türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini belläp, ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin mümkinçiliklere eýe bolan ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda biziň ýurtlarymyz deňhukuklylyk, uzakmöhletleýin esasda, geçen 30 ýylyň dowamynda ýetilen sepgitleri hem-de döwlet ösüşiniň öňde durýan ilkinji derejeli wezipelerini hasaba almak bilen, hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniň kesgitlenilmegine oýlanyşykly çemeleşmäni görkezýärler. Türkmenistanyň Baştutanynyň ýakynda Russiýa Federasiýasyna amala aşyran resmi saparynyň jemleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

Söhbetdeşler bu baradaky gürrüňi dowam edip, döwletara, Hökümetara derejelerinde, şeýle hem işewürler düzümleriniň ugry boýunça ýola goýlan netijeli gatnaşyklar bar bolan mümkinçilikleriň netijeli peýdalanylmagyna hem-de gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigini nygtadylar. Söwda-ykdysady ulgamy, ýangyç-energetika toplumy, aragatnaşyk we telekommunikasiýalar, gurluşyk we serişdeler senagaty, suw hojalygy, obasenagat toplumy, syýahatçylyk we beýleki ulgamlar ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.