Makalalar

Ýokary hilli, geçginli önümler

https://ussatnews.com/storage/posts/3952/original-162d4061647e1b.jpeg

Garaşsyzlyk ýyllarynda Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda düýpli özgerişlikler bolup geçdi. Önümçiligiň durkunyň düýpli täzelenilmegi, täze önümçilik desgalarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi işleriň netijeliligini has ýokarlandyrmak bilen birlikde, içerki we daşarky bazarlarda ösen islegden peýdalanýan önümleri köp möçberlerde öndürmäge-de amatly şertleri döretdi. Munuň şeýledigine 2015-nji ýylda işe girizilen ýol bitumyny öndürýän desganyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Kämil desganyň ulanylmaga berilmegi çig mallary has çuňňur gaýtadan işlemäge, şonuň netijesinde ýene bir geçginli önümi içerki we daşarky bazarlara çykarmaga mümkinçilik berdi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň tagallalary arkaly ýurdumyzda ýol gurluşygynyň gerimi ýyl-ýyldan giňelýär. Şeýle amatly ýagdaý bu önüme bolan islegiň düýpli artmagyny şertlendirdi. Gowy hilli we gerekli önümleriň hyrydarlarynyň hataryna daşary ýurtly işewürler hem barha işjeň goşulýarlar. Indi birnäçe ýyldan bäri gündogar welaýatyň bu iri senagat kärhanasyndan ýol bitumy goňşy Özbegistan döwletine yzygiderli ugradylýar. Şeýle peýdaly hyzmatdaşlyk üstümizdäki ýylda hem üstünlikli dowam etdirilýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen döwründe dostana ýurda bu önümiň 1300 tonnasy ugradyldy. Baglaşylan şertnama laýyklykda, ýylyň aýagyna çenli bu görkeziji 3000 tonna ýetiriler.

Kämil desganyň agzybir we başarjaň hünärmenleri önümçiligiň sazlaşykly we öndürijilikli hereket etmegini üpjün edýärler. Olaryň birleşen tagallalary arkaly ýylyň başyndan bäri ýol bitumynyň 14,3 müň tonnadan gowragy öndürilip, sarp edijilere ugradyldy. Şol bir wagtyň özünde kärhanada öndürilýän beýleki nebit önümleriniň hem hyrydarlarynyň ýetikdigini bellemek artykmaçlyk etmez.

— Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmaga çynlakaý üns berýär. Oňa biziň desgamyz hem mysal bolup biler. Bizde el zähmeti doly aradan aýrylyp, ähli işler awtomatlaryň üsti bilen dolandyrylyp, olara kämil kompýuterler arkaly gözegçilik edilýär. Desgamyzda dürli hünärli işgärleriň ýigrimi altysy egin-egne berip, yhlasly zähmet çekýär. Işleriň sazlaşykly guralmagy, işgärler üçin amatly iş we durmuş şertleriniň döredilmegi gazanýan önümçilik görkezijilerimiziň ýokary bolmagyna uly ýardam berýär — diýip, desganyň baş mehanigi Hoşgeldi Hakberdiýew gürrüň berýär.

Söhbetdeşimiz desgada ýokary hünär ussatlygyny ele alyp, kärdeşleriniň arasynda tapawutlanýan işgärleriň az däldigini aýratyn nygtady we olary birin-birin agzady. Halal zähmet çekip, abraý-hormata eýe bolýanlaryň arasynda uly operator Jumadurdy Abdullaýew, operatorlar Jelaleddin Amanmetow, Begenç Joraýew, tehnologik sorujylaryň maşinisti Ýusup Ýollyýew we beýlekiler bar. Bu gaýratly we ruhubelent adamlar ýurdumyzda gazanylýan bedew batly ösüşlerde özleriniň mynasyp goşantlarynyň bardygyna buýsanýarlar we has-da ýokary öndürijilikli zähmet çekmek hyjuwy bilen joşýarlar. Möhüm işdäki şeýle ruhubelentlik ýagdaýy olaryň şanly ýylda hem belent sepgitlere ýetjekdiklerine bolan ynamy berkidýär.

Mämmetgylyç KÜTIÝEW,

Ussatnews.com.

Başga makalalar
167a0e0b8f26c1.jpeg
Ynsan bedenine ýokumly zeýtun miweleriniň möçberi artýar

Etrek etrabynyň «Gyzylbaýyr» daýhan birleşiginiň mes toprakly ýaýlasyndan uzak möhletleýin ýer bölegini alan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy telekeçi Ymamberdi Jepbarow miweli baglary ýetişdirmek bilen meşgul bolýar.


167743b6e67be4.jpeg
Aýazbaba hökman geler, oglum! (Hekaýa)

Oglanjyk ir bilen ukudan oýandy-da, otagynyň töründe bezelgi duran arçanyň ýanyna baryp töweregine seretdi. Eglip bir bölek kagyzy aldy-da: «Aýazbaba meniň ýazan hatymy okamandyr-a» diýip, başyny aşak saldy. Birdenem:


167640d040aa48.jpeg
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR

Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.

16763142fb612d.jpeg
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.


166d54214e46ff.jpeg
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji

Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.