«Demirgazyk akymy» boýunça ibermeler dikeldilenden soň hem Ýewropada gazyň bahasy arzanlamady
«Demirgazyk akymy» boýunça ibermeler dikeldilenden soň hem Ýewropada gazyň bahasy arzanlamady. Eýýäm bir hepde bäri bahalar müň kub metrine 1600 dollar derejesinde saklanýar.
Arassalaýyş işlerinden soň, «Demirgazyk akymynyň» gaýtadan işe girizilmegi netijesinde Ýewropada gazyň spot bahalary müň kub metrine 1600 dollardan ýokary bolmagynda galdy. Aziýada bahalar düýpli aşakda — JKM Platts infeks üçin sentýabr fýuçersleriniň bahasy 1360 dollardan söwdalanylýar diýip, Interfaks habar berýär.
Ýewropa ýerasty ammarlaryna gaz doldurmagyny dowam edýär. Ätiýaçlyklaryň kadalary indi kanun tarapyndan düzgünleşdirilýän ammarlaryň maglumatlary sebit üçin möhüm ykdysady we syýasy görkezijileriň biri bolup, ÝB-niň ýolbaşçylarynyň energetika howpsuzlygyny üpjün edip bilijilik ukybyny görkezýär. Häzirki wagta çenli ätiýaçlyklar 64,97%-e deň. Muňa Gas Infrastructure Europe assosiasiýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär.
Şu ýyldan başlap, ÝB ýerasty ammarlaryň ulanylmagyna berk düzgünleşdirme girizdi. 2022-nji ýylda ýygym möwsüminiň başyna çenli ätiýaçlyklar ammarlaryň kuwwatynyň 80%-inden, soňraklarynda bolsa 90%-inden az bolmaly däl.
Suwuklandyrylan tebigy gazy kabul etmek boýunça Ýewropa terminallary iýul aýynda ortaça 68% ýüklenildi, iýunda bu görkeziji 63%. Häzirlikçe sebit suwuklandyrylan tebigy gaz üçin esasy bazar bolmagynda galýar, çünki Aziýadaky bahalar Ýewropanyňkylara garanyňda arzan.
Ýewropada ýeliň hasabyna energiýanyň işlenip düzülmegi duşenbe-penşenge günlerinde geçen hepdede 11% bolanlygyndan ortaça 10%-e deň boldy diýip, WindEurope assosiasiýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.