Habarlar

Çökgünlik howpy nebitiň bahalaryny aşakladýar — analitikler II ýarym ýylda Brentiň bahalarynyň 100 dollar bolmagyna garaşýarlar

https://ussatnews.com/storage/posts/3987/original-162dba55cccea8.jpeg

Energiýa geçirijileriň bazarynda çökgünlik zerarly dünýä ykdysadyýetinde emele gelip biljek çökgünlik bilen bagly howatyrlanmalar iýul aýynyň dowamynda Brent nebitiniň bahalaryny 7% aşaklatdy. Bu günki gün barreliň bahasy 103 dollardan aşaklatdy. Pudaklaýyn analitikler bahalaryň ýene-de birnäçe dollar aşaklajakdygyna we şol derejede 2022-nji ýylyň ahyryna çenli saklanjakdygyna ynanýarlar diýip, Interfaks habar berýär.

Bu günki gün nebit bahalary üçin esasy howp dünýä ykdysadyýetiniň çökgünligi bolup durýar. Sanksiýa garşylygy we ählumumy bazarda ibermeleriň gaýtadan üýtgedilmegi zerarly ýüze çykan energiýa geçirijileriniň bahasynyň düýpli ýokarlanmagy netijesinde soňky aýlaryň dowamynda bilermenler çökgünligi çaklaýarlar.

«Islegiň aşaklamagy orta wagt aralygynda bahalaryň aşaklamagyna getirerdi, emma bizde dünýä boýunça kadalaşdyryjy —OPEC+ bar. Eger-de isleg düýpli aşaklasa, ol nebit çykarmak boýunça kadany çäklendirer» - diýip, Milli energetika institutynyň Baş direktorynyň orunbasary Aleksandr Frolow aýtdy.

Geçen dynç günlerinde ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Saud Arabystanyna sapar amala aşyrdy. Gepleşikleriň netijeleri boýunça amerikan tarapy patyşalyk bilen ylalaşyk gazandy. Oňa laýyklykda, dünýä nebit bazarynda deňagramlylygy goldamak boýunça borçnamalar alnar. Hususan-da, Birleşen Ştatlar «önümçilik derejesiniň iýul we awgust üçin meýilleşdirileninden 50% ýokarlanmagyny goldady».

Bazarda teklibiň artmagy nebitiň bahalaryny has-da aşakladardy, emma Frolowyň hasaplamalaryna görä, ýakynda geljekde patyşalyk bazara bary-ýogy günde 85 müň barrel iberip biler. «Russiýanyň galmagynda we Liwiýa ýaly ýurtlar tarapyndan bazara ibermeleriň dolmazlygynyň çäginde bu iň az möçber» - diýip, Frolow düşündirdi.

Interfaks tarapyndan sorag edilenler Brent nebitiniň ikinji ýarym ýylda barreli üçin 100 dollar bolmagy baradaky pikirde ylalaşýarlar.

Çökgünlikden we islegiň soňrakky ýaramazlaşmagyndan başga-da, baha ýagdaýyna pandemiýanyň täze tolkuny hem täsir edip biler. Bazar Hytaýyň koronawirus boýunça berk çäklendirmeleriň girizmegi netijesinde islegiň peselmegi bilen eýýäm ýüzbe-ýüz bolup gördi. Bu hili çäreleriň beýleki ýurtlarda hem bolmagy ahmal. Hususan-da, BSGG şu hepdede Ýewropada COVID-19-yň täze akymyny bellige aldy we dessin çäreleri görmäge çagyrdy.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.