Makalalar

Çagalaryň “Gara altyna” gyzykly syýahatlary

https://ussatnews.com/storage/posts/3995/original-162de4be15a4c3.jpeg

Tomsuň yssy wagtyna garamazdan, çagalar dynç almagyň, şatlygyň we umyt-arzuwlaryň, täze duşuşyklaryň, täze açyşlaryň döwrüni başdan geçirýärler. Uly adamlaryň esasy aladasy çagalaryň dynç alyş möwsümini sagdyn we ýatdan çykmajak wakalara baý bolan pursatlara öwürmekden ybaratdyr.

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleri bu asylly işe mynasyp goşantlaryny goşýarlar. “Türkmennebit” Döwlet konserniniň kärdeşler arkalaşygynyň başlygy Akmyrat Amanow ussatnews.com gazetiniň okyjylaryna bu ugurda geçirilýän işler barada şeýle gürrüň berdi:

- Türkmenistan çagalar sagaldyş merkezleriniň ulgamyny döretmegiň giň gerimli maksatnamasyny amala aşyrýar. Häzir ýangyç-energetika toplumynyň edarasyna degişli çagalar sagaldyş merkezleriniň birnäçesi bolup, olar paýtagtymyzyň etegindäki ajaýyp Gökdere jülgesinde, şeýle hem gojaman Hazaryň kenarynda ýerleşýär. “Türkmennebit” Döwlet konserniniň garamagynda “Gara altyn” atly çagalar sagaldyş merkezi bolup, ol Balkan welaýatynyň Hazar şäherinde ýerleşýär hem-de dynç alyş döwründe çagalaryň wagtyny peýdaly geçirmegi üçin ähli şertler döredildi.

Şu ýyl tomus dynç alyş möwsümleriniň 4-niň dowamynda bu ýerde pudagyň işgärleriniň çagalary – oglanlaryň we gyzlaryň 800-si dynç alar. Her möwsüm çagalaryň “Gara altyna” gyzykly syýahatlaryndan başlanýar.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan işlenip taýýarlanylan Çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda çagalar sagaldyş merkezinde dürli döredijilik bäsleşikleri we duşuşyklary geçirilýär. Olar çagalara öz zehinlerini açyp görkezmäge, milli we dünýä medeniýetiniň genji-hazynasy bilen ýakyndan tanyşmaga, şeýle hem gyzykly syýahatlara, sport ýaryşlaryna gatnaşmaga, döredijilik toparlarynyň çykyşlaryna tomaşa etmäge mümkinçilik döredýär. Çagalar dynç alyş merkezleriniň işine ussat mugallymlar we terbiýeçiler, lukmanlar we aşpezler çekilýär.

Ýurdumyzyň beýleki çagalar sagaldyş merkezlerinde bolşy ýaly, “Gara altynda” hem ýaş nesliň oňaýly dynç almagy, saglygyny berkitmegi we sazlaşykly ösmegi üçin ajaýyp şertler döredildi. Çagalaryň ygtyýarynda kitaphana, mejlisler zaly, kompýuter otagy, tomsuna we gyşyna sport bilen meşgullanmak üçin zallar, tans we oýun oýnalýan meýdançalar, el işleri we aýdym-saz otaglary, tennis kortlary, dynç alyş otaglary we naharhana bar.

Çagalar dynç alyş merkezi türkmen topragynyň ekologiýa taýdan arassa künjeginde – tebigy gözelligi we ajaýyp howa aýratynlyklary bilen tapawutlanýan Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýär.

Kenaryň tebigaty ýaşlara saglygyny berkitmäge we keýpini götermäge ýardam edýär, dürli gezelençler bolsa, özleri üçin ülkäniň baý ösümlik we haýwanat dünýäsini açmaga, tebigata aýawly garamagy öwrenmäge mümkinçilik döredýär, bu bolsa, çagalaryň dynç alşyny ýatdan çykmajak, peýdaly we öwreniş häsiýetli çärelere öwürýär.

“Gara altyn” sagaldyş merkeziniň tapawutly aýratynlygy çagalar üçin nebit we gaz ýataklaryna gezelençleriň guralmagy bolup durýar. Olar pudagyň düzümleýin desgalary, deňizdäki nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmek, ene-atalarynyň hünärleri bilen ýakyndan tanyşýarlar.

Akmyrat Amanowyň baý mazmunly gürrüňini dowam etmek bilen, çagalaryň ýagdaýynyň köp babatda milletiň ynsan mümkinçiliklerini kesgitleýändigini bellemek isleýärin. Jemgyýetde dowam edýän giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler şertlerinde, dünýäniň globallaşmagy bilen baglylykda Türkmenistanyň geljegi köp babatda çagalaryň üpjünçiligine maddy, ruhy-medeni, bilim-terbiýe, lukmançylyk, ekologiýa, maksat-syýasy nukdaýnazardan bolan garaýyş bilen kesgitlenýär. Çagalary terbiýelemek, olara bilim bermek, beden we ruhy taýdan kemala getirmek, olary bazar gatnaşyklary şertlerindäki durmuşa taýýarlamak – Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň hem-de onuň global dünýäde mynasyp ornuny üpjün etmegiň esasy şertleri bolup durýar.

Çagalaryň güler ýüzleri we şadyýan sesleri – täze taryhy eýýämyň ýokary gymmatlyklarynyň dabaralanmagynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň, ata Watanymyzyň şu gününe we geljegine bolan ynamyň ajaýyp subutnamasydyr.

Leýli Aşyrowa,

ussatnews.com.

Başga makalalar
1696bb3018965b.jpeg
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy

Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.


16950f2f47f594.jpeg
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi

Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.


169083a25cc418.jpeg
Türkmenistanyň «ýaşyl» energiýa diplomatiýasy

Adamzat uzak taryhynyň dowamynda tebigata golaý durup, onuň baýlyklaryna, arassa ekologik gurşawyna örän aýawly çemeleşmäge çalyşýar.

169082eb711208.jpeg
«Ýaşyl» energiýa — geljegiň abadançylygy

«Ýaşyl» energiýany ulanmagyň, ýagny Günden, ýelden we suwdan energiýa almagyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary (nebit, gaz, kömür we başgalar) energiýa hökmünde peýdalanmakdan esasy tapawutlarynyň biri, bular ulanylanda atmosfera giňişligine metanyň, kömürturşy gazynyň zyňylyp hapalanmagynyň düýbünden diýen ýaly bolmaýanlygydyr.


168c671426ffbc.jpeg
Aşgabat — Türkmenistanyň Prezidentiniň şähergurluşyk syýasatynyň beýany

Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar, döwlet Baştutanymyz halkymyz baradaky aladany amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.