Makalalar

Şerepli gaz ýatagyndan tebigy gazyň akymy alyndy

https://ussatnews.com/storage/posts/3998/original-162de8f960c982.jpeg

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sebitlerinde täze gaz ýataklaryny açyp, olary senagat taýdan özleşdirip, tebigy gazyň çykarylyşyny düýpli artdyrmak barada möhüm tabşyryklary berýär. Döwlet Baştutanymyzyň beren gaýragoýulmasyz tabşyryklaryny we görkezmelerini ýerine ýetirmek boýunça «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan düzülen maksatnamalaýyn meýilnama laýyklykda, «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary Mary welaýatynyň çägindäki täze gazly ýataklaryň birbada üçüsinde guýulary burawlamak işlerini giňden ýaýbaňlandyrdylar.

Burawlamak işlerine ilkinji günlerden giň gerim beren geologlar Şerepli gaz ýatagynyň 01-nji belgili ulanyş-baha beriş guýusyndan tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymyny aldylar. Bu ulanyş-baha beriş guýusynyň taslama çuňlugy iki müň alty ýüz metre deňdir. «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary özlerine döwletimiz tarapyndan berilýän bimöçber kömek-goldawlar hem-de guýulary burawlamakda toplanylan baý iş tejribe arkaly iki müň üç ýüz otuz metr çuňlukdan tebigy gazyň batly akymyny almagyň hötdesinden geldiler. Munuň özi geologlaryň alty aýyň dowamynda egin-egne berip çeken päk zähmetiniň miwesidir.

Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, gaz guýusy her gije-gündizde alty ýüz togsan bäş müň kubmetr tebigy gaz berýär. Elbetde, guýynyň ilkibaşdan şonça önüm bermegi täze ýatagyň baý gaz goruna eýedigini äşgär alamatlandyrýar.

Alnan tebigy gazyň düzüminiň kükürt-wodorodsyz, arassa bolmagy täze gaz ýatagynyň önüminiň iň esasy häsiýetli aýratynlygydyr. Bu bolsa Şerepli gaz käninden alynjak tebigy gazyň hil babatynda dünýä ülňülerine doly laýyk bolmagyny şertlendirer. Şeýle hem gaz käniniň önüminiň ykdysady taýdan bähbidi ýokary bolar.

— Guýynyň ýokary hilli burawlanyp, tebigy gazyň alynmagynda halypa hünärmenlerimiziň hem-de tejribeli geologlarymyzyň mynasyp paýy bar. Şolardan meýdançanyň başlygynyň orunbasary Atamyrat Öwejow, buraw ussasy Gurbangylyç Amangylyjow, burawlaýjy Annagylyç Hydyrow, bejeriji Işanberdi Hajyýew, synag geçiriji toparyň işgärleri Baba Babaýew, Batyr Orazow, Orazgeldi Çaryýew, Gadam Bagyýew dagynyň çekýän döredijilikli zähmeti umumy işimiziň hemişe öňe gitmegine ýardam berýär.

Şu önümçilik meýdançamyzyň gazçylary ýakyn günlerde Şerepli gaz känindäki 02-nji belgili ulanyş-baha beriş guýusynda burawlaýyş işlerine girişmekligi meýilleşdirýärler.

Müdirligiň gazçylary Mary welaýatynyň çägindäki täze Kelleli, Ýylan gaz känlerinde-de burawlaýyş işlerine barha giň gerim berýärler. Olar döredijilikli işläp, täze gaz ýataklaryny ýüze çykarmakda bimöçber kömek-goldawlaryny berýän hormatly Prezidentimize alkyş hem hoşallyk sözlerini aýdýarlar — diýip, «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň baş geology Muhammet Saparmyradow gürrüň berýär.

Sapardurdy ÝAÝLYÝEW,

Ussatnews.com.

Başga makalalar
1696bb3018965b.jpeg
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy

Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.


16950f2f47f594.jpeg
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi

Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.


169083a25cc418.jpeg
Türkmenistanyň «ýaşyl» energiýa diplomatiýasy

Adamzat uzak taryhynyň dowamynda tebigata golaý durup, onuň baýlyklaryna, arassa ekologik gurşawyna örän aýawly çemeleşmäge çalyşýar.

169082eb711208.jpeg
«Ýaşyl» energiýa — geljegiň abadançylygy

«Ýaşyl» energiýany ulanmagyň, ýagny Günden, ýelden we suwdan energiýa almagyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary (nebit, gaz, kömür we başgalar) energiýa hökmünde peýdalanmakdan esasy tapawutlarynyň biri, bular ulanylanda atmosfera giňişligine metanyň, kömürturşy gazynyň zyňylyp hapalanmagynyň düýbünden diýen ýaly bolmaýanlygydyr.


168c671426ffbc.jpeg
Aşgabat — Türkmenistanyň Prezidentiniň şähergurluşyk syýasatynyň beýany

Aşgabady ösdürmek we abadanlaşdyrmak meselesi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar, döwlet Baştutanymyz halkymyz baradaky aladany amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi.