Döwrüň ruhuna mahsus işler
Halkymyzy ýokary hilli nebit we nebit önümleri bilen üpjün etmekde döwrümiziň ruhuna mahsus işleri alyp barýan «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Gubadag nebit kärhanasynyň agzybir işgärleri şu ýylyň alty aýyny üstünlikli jemlediler.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygaryna beslenen şu ýylda kärhananyň agzybir zähmet köpçüliginiň aýba-aý iş tabşyryklaryny birkemsiz amal etmeginde onuň garamagyndaky awtoulaglara ýangyç guýujy 170-nji bekediň işgärleriniň hem mynasyp paýynyň bardygyny bellemek bolar. Geçen ýylyň güýzünde durky düýpgöter täzelenip, ulanyşa berlende taslama kuwwaty bir gije-gündiziň dowamynda 1500 sany dürli görnüşli awtoulaga hyzmat etmäge mümkinçiligi bolan, dünýäniň ösen döwletleriniň ýangyç guýujy kompýuterleşdirilen enjamlary bilen doly üpjün edilen beketde häzirki döwürde müşderilere döwrebap hyzmat etmek üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir.
— Şu beket geçen ýylda durky täzelenip, işe girizeli bäri halkymyz onuň hyzmatyndan hoşallyk bilen peýdalanyp gelýär. Beket gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz işleýär. Müşderiler guýan ýangyjy üçin nagt we nagt däl görnüşde, ýagny elektron bank kartlary arkaly hem hasaplaşygy amala aşyryp bilýärler. Şonuň üçin hem bu bekediň hyzmatyndan peýdalanýan etrabyň ilatynyň, dürli görnüşli tehnikalara erk edýän sürüjileriň şular ýaly ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly
Serdarymyza hoşallygymyň çägi ýok-diýip, hususy awtoulagyň eýesi, etrabyň Bereketli geňeşliginiň ýaşaýjysy Tirkeş Gylyjow hoşallyk bilen aýdýar.
Gubadag şäheriniň bir kilometr töweregi günortasynda, ýagny Gubadag-Daşoguz awtoulag ýolunyň gündogar ýakasynda ýerleşýän beketde 2-nji derejeli uly operator Nurgeldi Amangeldiýewiň ýolbaşçylygynda halal zähmet çekip, il alkyşyna mynasyp bolýan Babamyrat Padarow, Akmyrat Myradow, Şatlyk Ballyýew, Wepa Agaýew, Hemra Gurbanmyradow, Merdan Garlyýew, Rüstem Seýidow we Gündogdy Allaýew ýaly ýangyç guýujy operatorlaryň hyzmatyndan bu ýere gelýän müşderiler diýseň hoşal. Bu ýerde gije-gündiziň dowamynda A-80, A-92 we A-95 görnüşli awtoulag benzinleriniň hem-de dizel ýangyjyň bol bolmagy bilen birlikde, ýangyç guýujy operatorlaryň ýylyň islendik möwsüminde talabalaýyk iş şertlerinde işlemekleri üçin hem ähli amatlyklar döredilipdir. Bekediň ýangyç guýujy enjamlarynyň üsti, awtoulag serişdeleriniň gelip durjak ýerleri döwrebap bassyrmalar bilen örtülipdir, bu ýerdäki çägeli gutular, ot söndüriji enjamlardyr gurallar ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir.
Gubadag nebit önümleri kärhanasynyň garamagynda, bu beketden başga-da, döwrüň ösen tehnologiýalary bilen doly üpjün edilen awtoulaglara ýangyç guýujy beketleriň 5 sanysy, ýagny 47-nji, 124-nji, 150-nji, 152-nji hem-de 177-nji beketler bolup, olar etrabyň Abadanlyk, Amyderýa, Babadaýhan geňeşlikleri ýaly, uly gatnaw ýollarynyň gyrasynda hem-de ilatyň gür ýerlerinde ýerleşýär. Kärhananyň welaýatyň köp gatnawly Daşoguz-Boldumsaz-Köneürgenç awtoulag ýolunyň ýakasynda ýerleşýän, Babadaýhan geňeşliginiň çägindäki 150-nji awtoulaglara ýangyç guýýan bekediň işgärleriniň hyzmatyndan etrabyň sürüjileri bilen birlikde, Daşoguz şäherine barýan, şeýle hem Boldumsaz, Gurbansoltan eje adyndaky, Köneürgenç we Saparmyrat Türkmenbaşy etraplarynyň sürüjileri hem giňden peýdalanýarlar.
Dädebaý NARTYÝEW,
ussatnews.com.
TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY BARADA MAGLUMATLAR
Täze ýyl baýramçylygy ilkinji gezek 2000 ýyldan gowrak mundan ozal meşhur Sezaryň buýrugy bilen 1-nji ýanwarda bellenildi.
Sagdyn bolaýyn diýseňiz...
Saglyk ynsan durmuşynyň beýleki gözelliklerini açýan gymmatlykdyr. Saglygyňy ýitirmek bu ömrüňi, durmuşyň manysyny ýitirmekdir.
Nebitgaz senagaty – Türkmenistanyň ösüşiniň esasy güýji
Gaz pudagynda hyzmatdaşlyk – Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara duşuşyklarynyň gün tertibinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar.
Aýjemal Ezizowanyň söýgülän hünäri täze ylmy üstünliklere ruhlandyrýar
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň alyp barýan işleri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nebitiň we gazyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, şol maksat bilen täze ýataklaryň üstüni açmak boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam edýär.
Türkmenistan oňyn başlangyçlaryny adamzadyň bähbidine işjeň ilerledýär
Eziz Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki döwrüň global meselelerini çözmekde öňdäki hatara çykmak bilen, giň gerimli başlangyçlaryny işjeň ilerledýär.