Habarlar

API-niň ABŞ-da ätiýaçlyklaryň pese düşýändigi baradaky maglumatlarynyň esasynda nebitiň bahalary ýokarlanýar, Brent — 104,58 dollar

https://ussatnews.com/storage/posts/4013/original-162e367357cc14.jpeg

Amerikanyň nebit institutynyň (API) ABŞ-da ätiýaçlyklaryň birden peselmegini görkezýän maglumatlarynyň esasynda nebitiň bahalary çarşenbe güni az-kem ýokarlanýar diýip, Interfaks habar berýär.

Federal ätiýaçlyk ulgamynyň (FÄU) pul-karz syýasatynyň tiz berkleşdirilmegi şertlerinde amerikan ykdysadyýetiniň çökgünlige düşmek howatyrlanmasy bazara basyş etmegini dowam edýär. FÄU çarşenbe güni nobatdaky mejlisini tamamlaýar, onuň netijeleri boýunça binýatlaýyn goýumy ýene-de 75 sany bazis görkezijisi ýokarlandyrmaga garaşylýar.

Brent nebitiniň sentýabrdaky fýuçersleriniň bahasy Londonyň ICE Futures biržasynda çarşenbe güni moskwa wagty bilen ) 8:05-de 0,17% gymmatlap, barreli üçin 104,58 dollara deň boldy. Sişenbe güni ol 0,7% arzanlap, 104,4 dollara düşüpdi.

WTI fýuçersleriniň bahasy Nýu-Ýorkuň haryt biržasynyň (NYMEX) elektron söwdalarynda çarşenbe güni 0.34%ýokarlanyp, 95,3 dollara ýetdi.

Bir hepde öň 1,86 mln barrel ýokarlanmadan soň, 22-nji iýunda tamamlanan hepdede ABŞ-nyň nebit ätiýaçlyklary 4,037 mln barrele çenli azaldy. Ýurtda geçen hepde boýunça energiýa geçirijileriniň ätiýaçlyklary hakynda resmi hasabat çarşenbe güni ABŞ-nyň energetika ministrligi tarapyndan neşir ediler.

Amerikanyň awtomobil assosiasiýasy tarapyndan geçirilen pikir soraşmanyň görkezmegine görä, ABŞ-nyň raýatlary benziniň we dizel ýangyjynyň nyrhlarynyň ýokarlanmagyna jogap edip, ulagly hereketleriniň sanyny azaldýarlar. Bu tomus möwsüminde islegiň peselmegine ýardam edýär. Bilermenleriň pikiriçe, ýokary bolmaly wagtynda benzine islegiň pese düşmegi stagflýasiýa howpuny we onuň mümkin bolan täsirlerini nygtaýar.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.