Birinji ýarym ýylda Türkmenistanyň NGIZ-leri nebitiň gaýtadan işlenilişini 2,6 mln tonna çenli artdyrdy
Türkmenistanda birinji ýarym ýylda 2 mln 628 müň tonnadan gowrak nebit gaýtadan işlenildi. Şu döwürde ýurduň NGIZ 2 mln 630 müň tonna çig nebit iberildi diýip, «Нейтральный Туркменистан» gazeti çarşenbe güni belleýär.
«Türkmenbaşy şäherindäki baş zawody we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyny öz içine alýan Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda umumylykda 2 mln 630 müň tonna nebit iberildi. Bu 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 70 müň tonna köpdür» diýip, neşir belleýär.
Şeýle hem bellenilişi ýaly, «şu döwürde 2 mln 628 müň tonnadan gowrak nebit gaýtadan işlenildi ýa-da geçen ýylyň degişli döwründen 55 müň tonnadan gowrak nebit artyk işlenildi».
Neşiriň şeýle hem bellemegine görä, birinji ýarymýylyň netijeleri boýunça Türkmenbaşy şäherinde TNGIZT-niň tehnologik desgalarynda 2 mln 389 müň tonna nebit gaýtadan işlenildi, ösüş depgini 103,6%. Şol bir wagtda zawoda 2 mln 405 müň tonna nebit iberildi, bu geçen ýyldakydan 75 müň tonna artykdyr.
Türkmenbaşydaky zawodda şu ýylyň birinji alty aýynda ähli görnüşli awtobenzinleriň 811 müň tonnasy işlenip taýýarlanyldy, şolardan 208 müň tonnasy meýilnamadan artykdyr. A-95 benzini boýunça işläp taýýarlamalar 469 müň tonna, ösüş depgini – 108%. A-92 benzininden 279 müň tonnasy öndürildi, ösüş depgini 102,5%. A-80 benzininden 64 müň tonnasy öndürildi, meýilnamadan artyk – 35 müň tonna golaýy öndürildi.
Birinji ýarymýylda ähli görnüşli kerosinden 218 müň tonna golaýy öndürildi. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 387 tonna köpdür. ТС-1 kerosininden 177 müň tonnasy öndürildi, ösüş depgini 124%.
Jet A 1 awiasion kerosininden 11 müň tonna golaýy öndürildi, onuň önümçiligi 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde başlady.
TNGIZT-niň önümleri içekri bazarlarda bolşy ýaly, daşary ýurtlara hem eksport edilýär.
2022-nji ýylyň birinji ýarymynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende TNGIZT-niň eksport tapgyrlarynyň bahasy walýuta hasaplamalarynda düýpli ýokarlandy diýip gazet belleýär.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.