Türkmenistanda güýz pasly medeni çärelere baý bolar
Türkmen güýzüniň medeni çärelere baýlygy öz-özünden düşnükli, çünki sentýabr aýynda ýurdumyzyň baş baýramy – hemişe ruhubelentlik hem-de dabaraly ýagdaýda baýram edilýän Garaşsyzlyk güni giňden bellenilýär.
Aýdym-saz we folklor toparlarynyň sungat ussatlarynyň çykyşlary garaşsyz Diýarymyzyň durmuşyndaky ähmiýetli wakalaryň öwüşginini artdyrýar. Çünki ýurdumyzda milli medeniýetimizi baýlaşdyrmak we zehinleri ýüze çykarmak üçin ähli şertler döredildi.
Sentýabr aýynyň medeniýet we sungat işgärleri üçin dürli bäsleşikleriň, ozaly bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň altyn asyry” atly bäsleşiginiň netijeleriniň jemlenýän wagty bolup durýandygyny bilýäris. Ýaş zehinleriň bu ajaýyp bäsleşiginiň çäklerinde bolsa, däp bolşy ýaly, çagalaryň “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” hem-de ýaşlaryň “Ýaňlan, Diýarym!” atly telewizion bäsleşikleri geçirilýär.
Baýramlara baý bolan güýz paslynda halkara medeni çäreleriň hem geçirilmegi indi däbe öwrüldi.
Olaryň hatarynda “Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwaly bolup, ony 11-14-nji oktýabrda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde geçirmek meýilleşdirildi.
Halkara festiwalyň çäklerinde amaly-haşam sungatynyň dürli ugurlary boýunça sergi-ýarmarkalary, ussatlyk sapaklaryny, ylmy-amaly maslahatlary we beýleki çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şeýle festiwal Türkmenistanda ilkinji gezek guralar, oňa gatnaşyjylar we myhmanlar dünýäniň senetçi ussalarynyň işlerine hem-de amaly-haşam sungatynyň görnükli wekilleriniň eserlerine baha berip bilerler.
Şol birwagtda türkmen kinematografiýaçylary 12-17-nji sentýabrda Daşkentde geçiriljek “Ýüpek ýolunyň merjeni” atly halkara kinofestiwalyna gatnaşmagy meýilleşdirýärler. Bu kinoforumyň çärýek asyra golaý wagt geçenden soň gaýtadan dikeldilendigini bellemek gerek. Ol kino sungatynyň muşdaklaryna Aziýa, Afrika we Latyn Amerikasy ýurtlarynyň halkara kinofestiwaly hökmünde mälim bolup, 1968-1997-nji ýyllar aralygynda dünýäniň dürli künjeklerinden ussat kinematografiýaçylary, akterlary we režissýorlary bir ýere ýygnapdy.
Indi bu kinofestiwal “Parahatçylyk, aň-bilim we ösüş ugrunda” diýen şygar astynda geçirilýär. Bu ýyl kinoforum Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň çäklerinde geçiriler.
Garaşylyşy ýaly, Daşkent festiwalyna dünýäniň onlarça ýurtlaryndan tanymal akterlar we režissýorlar gatnaşarlar. Döredijilik seminarlary, okuw maslahatlary, ussatlyk sapaklary hem-de kinematografiýaçylar we kino sungatynyň ussatlary bilen duşuşyklar geçiriler. Festiwalyň çäklerinde “Daşary ýurt kinosynyň günleri”, “5 günläp kino” atly çäreler, şou-konsertler, eksklýuziw kinoprogrammalar we beýlekiler guralar.
Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde ýylyň bu kinowakasyna gatnaşmaga, onda häzirkizaman türkmen režissýorlarynyň işleri bilen tanyşdyrmaga taýýarlyk görýärler.
Leýli AŞYROWA,
Ussatnews.com.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumy Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşy alýar
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylyň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen dabaraly mejlis medeniýet we sungat işgärlerini, jemgyýetçiligiň wekillerini bir ýere jemläp, ýurdumyzda täze ruhubelentlik we döredijilik badalgalaryny döretdi.
Türkmenistanyň energetika kuwwaty täze derejä çykýar
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetiň düzüminde möhüm orny eýeläp, ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwletimiziň halkara giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň möhüm guraly bolup durýar. Häzirki döwürde pudagyň ösüşi uzak möhletli durnuklylygy, tehnologik döwrebaplygy we daşary ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini ugur edinýän yzygiderli we strategik häsiýete eýe bolýar.
Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy berkidýärler
19-njy iýunda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga 30 ýyl» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem-de energetika pudagynda iki ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň otuz ýyllygyna bagyşlanan sergi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň ýokary derejesini hem-de nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini dabaralandyrdy.
Owganystanda TOPH gaz geçirijisiniň strategik böleginiň gurluşygy dowam edýär
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar astynda geçýän ýylda häzirki döwrüň iri halkara energetika taslamalarynyň biri — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşygy dowam edýär.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy pugtalanýar
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň çäginde «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň gurluşyk işlerine badalga beren güni berkarar Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.