Habarlar

Neon senagaty Türkmenistana uly girdejileri getirip biler — bilermen

https://ussatnews.com/storage/posts/4133/original-16303db64f3b67.jpeg

Belli türkmen alymy, bilermen we tehniki ylymlarynyň doktory Allaberdi Ylýasow Türkmenistanda neonyň himiýa substansiýasynyň önümçilik mümkinçiligini geljegi uly taslama hasaplaýar. Bu barada CentralAsia.news habar berýär.

Ylýasowyň aýtmagyna görä, Türkmenistan ýurduň himiýa senagatynyň innowasion tehnologiýalarynyň esasynda neon öndürip biler. Bu element — çipleriň önümçiliginde esasy we zerur bolan düzüm bölegidir.

Neon — yssyz we reňksiz bir atomly inert gazydyr, ol asla hiç zat bilen diýen ýaly himiki reaksiýa girmeýär. Emma şol bir wagtda element ýokary elektrik geçirijiligine eýe we özünden tok geçirende ýagty gyzyl bolýar. Neon — dünýäde ýaýrawy boýunça wodoroddan, geliýde, kisloroddan we ugleroddan soň bäşinji ýerde durýar.

Onuň ýeke-täk çeşmesi howadyr. Ony pes temperaturaly rektifikasiýany ulanmak arkaly bölýärler. Netijede kisloroddan onuň has ýeňil düzüm böleklerini, ýagny Ne (neon) we He (geliý) aýrylýar. Netijede alynýan önüm bary-ýogy 10%-e çenli neogeliý garyndysyny saklap bilýär, onuň galan bölegini azot we wodorod düzýär.

«Senagat maksatlary üçin neon howadan suwuk azot we kislorod bölünende galyndy hökmünde howadan bölünip alynýar. Ol iki usulda amala aşyrylýar: adsorbsion ýa-da kondensasion» - diýlip habarda aýdylýar.

Ylýasowyň bellemegine görä, bu günki gün neonyň bahasy kub metrine 2 müň 500 amerikan dollaryna barabar. Bu diýildigi, arassa neonyň önümçiligi ýylda ýüzlerçe bolmasa-da, onlarça million dollara çenli tehnologik eksporty üpjün eder.

Bellemeli zatlaryň biri neon senagat pudagynda giňden peýdalanylýar. Bu element kriogen desgalarynda sowadyjy hökmünde çykyş edýär. Suwuk neon raketa ýangyjyny saklamak ýa-da kosmos şertlerini emele getirmek üçin tüýs laýyk gelýär.

«Şeýlelikde, Ne-nyň ulanyş çygry gün geçdigiçe giňeýär, onuň ulanyş gerimi hem artýar» - diýip, türkmen alymy belleýär.

Başga habarlar
16ada5cc088e2b.jpeg
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC

«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.


16ada53f628b00.webp
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär

BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.


16ada4f987ec1a.jpeg
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi

Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.

16ad8fc142cef4.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy

21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.


16ad89dc92c582.jpeg
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.