Makalalar

Aýdym bilen adygan Mähri Pirgulyýewa

https://ussatnews.com/storage/posts/417/original-15fe23401e643a.jpeg

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zehinli aýdymçylaryň biri Mähri Pirgulyýewa joşgunly aýdymlary bilen tomaşaçylaryň köňül köşgünden ýer almagy başardy. Aýdymçynyň näzikden şirin owazy diňleýjilere mähirli duýgulary bagyş edýär. Biz okyjylarymyzyň söýgüsini gazanan zehinli aýdymçy zenan bilen söhbetdeş bolmagy müwessa bildik.

– Mähri, sözümizi aýdymlar dünýäsine gelşiňiz baradaky söhbet bilen başlaýalyň!

– Aýdyma bolan söýgim mekdepde okaýan döwrümde döredi. Çagalykdan ejemiň aýdýan hüwdülerinden gulagym ganardy.

Ilkinji gezek «Gijeler» aýdymyny ýerine ýetirdim, ol aýdym maňa üstünlik getirdi. Ejem janyň goldawy hemişe maňa ruhy güýç berýär. Ol: «Allanyň beren zehinini ýitirme, gyzym!» diýip, ene ýüreginden syzdyryp, sargyt edýär.

– Siziň gowy görüp diňleýän aýdymçylaryňyz kimler?

– Halypa aýdymçylardan Türkmenistanyň halk artistleri Gülşat Gurdowanyň, Parahat Amandurdyýewiň, Annuş Myratdurdyýewiň aýdymlaryny höwes bilen diňleýärin. Aýdymly dünýämde bu ussat halypalaryň berýän maslahatlaryna eýerýärin. Şeýle-de, dünýä belli aýdymçylaryň aýdymlaryny diňlemekden ruhy lezzet alýaryn.

– Sungatda ussatlyga ýetmekde halypanyň hyzmatyna nähili garaýarsyňyz?

– Döredijilik üçin zehin zerur. Aýdym sungaty tebigy ses, zehin, höwes, zähmet talap edýär. Şularyň bir ýere jem bolan ýerinde sungatyň hakyky mekdebine gönükdirýän halypa-da gerek. Çuňňur zähmetini, gujur-gaýratyny, yhlasyny siňdiren halypalara minnetdarlygymyň çägi ýok. Halypam Nikolaý Ýakimow bilen bilelikde işläp «Baka, baka», «Tans edip, hezil et», «Gurjajygym» atly aýdymlary diňleýjilere ýetirdik.

– Mähri, üstünligiň syry nämede diýip hasaplaýarsyňyz?

– Üstünligi gazanmak üçin maksada okgunly bolmaly. Esasan-da irginsizlik, zähmetsöýerlik, yhlaslylyk zerur. Diňleýjileriň göwnünden turaýjak aýdymlary döretseň, sungaty ýürekden söýseň, yhlas bilen işleseň, hökman üstünlik hemraň bolýar.

– Siziň ylhamyňyzyň çeşmesi nämede?

– Diňleýjilerimde, durmuşda, halypalarymda. Döretjek aýdymlarymy halypalarymyň öwredişinden ugur alyp, diňleýjilerimiň ýüreklerinde orun almagy üçin bar yhlasymy, zehinimi gaýgyrman işleýärin.

– Ilkinji aýdym albomyňyzy haçan döretdiňiz?

– Ilkinji «Seniňki däl» atly albomymy 2007-nji ýylda diňleýjilere ýetirdim. Soňra «Söýgi wagty geldi» atly albomymy döretdim. Meniň pikirimçe, aýdymlar şekilleriň üsti bilen tomaşaça ýetirilende, täsiri has-da güýçli bolýar.

– Adamlarda haýsy häsiýeti halaýarsyňyz?!

– Gowy häsiýetli adam ulynyň-kiçiniň gözünde, göwnünde bolýar. Onuň gadyr-gymmaty, ýakymy isleseň-islemeseň seniň ünsüňi özüne çekýär. Onuň ýagşylygyny, gowulygyny gören, duýan adamyň ýüreginde oňa bolan sylag-hormatam üýtgeşik bolýar. «Ýeke sözde dünýe ýaly akyl bar» diýilýändir, bir sözli ynsanlara synym oturýar.

– Gözellige nähili garaýarsyňyz?

– Ynsan söýgüsinde tutuş älem-jahany güllediji, ajaýyp görke getiriji güýç bar. Söýgi bilen dörän zatlaryň ählisem gözeldir. Göwni gözel, pespäl adamlary gül çemenine meňzedýärin.

– Okyjylarymyzy maşgala durmuşyňyz hem gyzyklandyrýan bolsa gerek?

– Maşgalada iki gyz dogan bolup ulaldyk. Durmuşda esasy maslahatçym mähriban käbämdir. Bagtly, döwletli, agzybir maşgalam bar. Ýanýoldaşym aýdymlarymyň ilkinji diňleýjisi. Gyzjagazymyz Sona – biziň göz-guwanjymyz. Her bir gazanýan üstünligimde olaryň hem mynasyp paýy bar.

— Boş wagtlaryňyzy nähili geçirmegi halaýarsyňyz?

— Boş wagtlarym maşgalam bilen ajaýyp paýtagtymyzyň gözel künjeklerine aýlanmagy, sport bilen meşgullanmagy, kitap okamagy halaýaryn. Mundan başga-da, halypalaryň aýdymlaryny uly höwes bilen diňleýärin. Şeýle-de, täze aýdymlaryň üstünde işleýärin.

— Söhbetdeşligimiziň ahyrynda siziň geljekdäki maksatlaryňyz barada hem eşidäýsek.

— Ajaýyp zamanamyzda, döwletli-döwranly döwrümizde medeniýete, sungata uly üns berilýär. Nesip bolsa, geljekde hem Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan beýik işlerini wasp edýän ajaýyp aýdymlary, şeýle hem durmuş, ýaşlyk, söýgi baradaky aýdymlary döredip, ýurdumyzda giňden bellenilýän toý-baýramlarda halkymyza ýetirerin diýip ynandyrýaryn. Bagtyýar döwrümizde ata Watanymyzda aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlansyn. Mähriban Arkadagymyzyň jany sag, il-ýurt bähbitli ähli tutumlary rowaç bolsun!

– Gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Goý, mundan beýläk hem size döredijilik üstünlikleri ýar bolsun!

Ýazgül ANNAÝEWA,

             USSAT NEWS.

Başga makalalar
16988434a4ad1a.jpeg
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady

Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.


16978adf15fea7.jpeg
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz

Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.


169775e66ee8e5.jpeg
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor

Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.

1696bb3018965b.jpeg
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy

Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.


16950f2f47f594.jpeg
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi

Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.