Türkmenistanyň Prezidenti «Gazpromyň» ýolbaşçysy bilen gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
Duşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen «Gazprom» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Milleriň arasynda geçirilen duşuşykda ýangyç-energetika toplumy ulgamynda mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ägirt uly uglewodorod serişdelerine eýe bolan biziň döwletimiz daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary, şol sanda ýangyç-energetika toplumy ýaly strategik ugurda hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmäge ygrarlydyr.
Milli ýangyç-energetika toplumyny düýpli döwrebaplaşdyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion işläp taýýarlamalary işjeň ornaşdyrmak, gazyp alýan, gaýtadan işleýän pudaklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak Türkmenistanyň bu ulgamda durmuşa geçirýän syýasatynyň möhüm ugurlarydyr. Bularyň ählisi netijeli işewürlik gatnaşyklaryny pugtalandyrmak hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Döwlet Baştutany we “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy bar bolan köpýyllyk oňyn tejribäni, uly mümkinçilikleri hasaba almak bilen, geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlary barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Russiýanyň kompaniýasy tarapyndan hereket edýän şertnama boýunça türkmen gazyny satyn almak we bu ulgamda uzak möhleti nazarlaýan hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalary we nebtigaz pudagynda durmuşa geçirilýän iri düzümleýin taslamalar üstünlikli hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri döredýär. Şunda energiýa serişdelerini çykarmak bilen bir hatarda, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilmegini ugur edinýän gaz we nebithimiýa senagatynyň kuwwatynyň artdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Şol bir wagtyň özünde “ýaşyl” energetikanyň ösdürilmegi, ekologik taýdan arassa, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň iş ýüzünde peýdalanylmagy möhüm ugur hökmünde kesgitlenildi.
Türkmenistan özüniň öňden gelýän hyzmatdaşlarynyň täze teklipleri üçin hemişe açykdyr we hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny goldamaga taýýardyr. Şeýle-de Russiýanyň kompaniýasynyň öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarly boljakdygy nygtaldy.
Ýatlatsak, «Türkmengaz» döwlet konserni we «Gazprom» 2019-njy ýylyň iýul aýynda tebigy gazy satyn almak hakynda bäş ýyllyk şertnama baglaşdylar. Şertnama laýyklykda, iberiljek türkmen gazynyň möçberi ýylda 5,5 mlrd kub metre barabar bolar.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.