Baku Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygyny goldar, emma onuň öňe sürüjisi bolmaz
Azerbaýjan eger-de Türkmenistanyň Hökümeti Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygy hakynda karar kabul etse, ony goldar, emma Baku taslamanyň öňe sürüjisi bolmaz diýip Prezident Ilham Aliýew belledi. Bu barada Interfaks habar berýär.
«Hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamasy barada aýdylanda, ol uzak ýyllaryň dowamynda maslahatlaşylýar. Ol 15 ýyl bäri maslahatlaşylýar, emma iş ýüzünde ony durmuşa geçirmek üçin hereket ýok» - diýip, ol Il Sole 24 Ore otalýan gazetine beren interwýusynda belledi.
Onuň aýtmagyna görä, Hazarüsti gaz geçirijisi Azerbaýjanyň taslamasy däl. «Bu taslama Türkmenistanyň çig mal serişdelerine esaslanýar. Şonuň üçin hem, eger-de Türkmenistanyň Hökümeti onuň gurluşygy hakynda karar kabul etse, bu olaryň çözgüdi bolar. Eger-de olar bu karary kabul etseler, onda biz gürrüňsiz ony goldarys. Emma bu ýerde biz taslamanyň öňe sürüjileri bolmayrs»- diýip ol belledi.
Onuň bellemegine görä, Azerbaýjan öz wagtynda iri sebit nebitgaz taslamalaryny öňe sürdi: Günorta gaz geçirijisiniň gurluşygy, Baku-Jeýhan gaz geçirijisi. Onuň aýtmagyna görä, bu taslamalary durmuşa geçirmek üçin Azerbaýjan topar döretdi, daşary ýurtlar, sarp edijiler, kompaniýalar bilen gepleşikler geçirdi. «Azerbaýjan şeýle hem esasy maýadar hökmünde çykyş etdi» - diýip Prezident belledi.
«Meniň aýtmak isleýän zadym, bu hili taslamalaryň öňe sürüjileri bolup üstaşyr geçiriji ýurtlarda däl-de, çig mal serişdeleriniň eýeleri çykyş edýär. Üstaşyr geçiriji ýurtlar diňe goldaw berip, çägini hödürläp, üstaşyr bahalar barada karar berip bilýär».
Onuň şeýle hem habar bermegine görä, Azerbaýjan we Türkmenistan häzirki wagtda Hazar deňzinde «Dostluk» ýatagyny bilelikde işläp taýýarlamaklygy maslahatlaşýar. Azerbaýjanyň Prezidentiniň düşündirmegine görä, «ol esasan, gaz däl-de, nebit ýatagydyr».
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.