Işleri ileri gazçylar
«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň baýry kärhanalarynyň biri bolan «Boldumsazetrapgaz» gaz hojalygy edarasynyň işgärleriniň şu günler alyp barýan wajyp işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Dürli derejeli işçi-hünärmenleriň 130-a golaýynyň agzybirlikde zähmet çekýän bu zähmet köpçüliginde her bir işde halypa gazçylaryň göreldesine eýerilýär. Tejribeli gazçy Bekdurdy Babaýewiň baştutanlyk edýän edarasynda näsazlygy habar beriş, içeri öý gaz enjamlaryny bejeriş hem-de daşary gaz geçirijilere we gaz sazlaýjylara gözegçilik gulluklaryna Myrat Otuzbaýew, Muhammetmyrat Kakaýew, Guwanç Saryýew ýaly baý iş tejribeli hünärmenleriň ýolbaşçylyk etmegi munuň aýdyň güwäsidir. Olaryň birleşen tagallalary netijesinde barha rowaçlyga beslenýän etrapda dürli ululykdaky gaz geçirijileriniň 1000 kilometre golaý ýerine, gaz sazlaýjy we paýlaýjy enjamlaryň bolsa 336 sanysyna ýokary derejede gözegçilik edilip, Boldumsaz şäherinde we oba ýerlerinde ýaşaýan 13 müňden gowrak hojalygyň ilatynyň ýylyň islendik möwsüminde gymmatly «mawy ýangyjyň» eşretli hözirini görmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň üçin hem etrabyň tebigy gazy ulanyjylary täze gadam basylan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe il-gün barada uly aladalary edýän hormatly Prezidentimize hem-de etrabyň gazçylaryna tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdýarlar. Munuň şeýledigine biz Boldumsaz şäheriniň ýaşaýjylary Ahmet Rejepow we Ýagşygeldi Gylyjow dagy bilen söhbetdeş bolanymyzda has aýdyň göz ýetirdik.
— Biziň ýylyň islendik döwründe «mawy ýangyjyň» eşretli hözirini görüp ýaşamagymyzda etrabymyzdaky gaz hojalyk edarasynyň işçi-hünärmenleriniň her biriniň öz mynasyp paýy bar. Edaranyň daşary gaz geçirijilere gözegçilik edýän gullugynyň gazçylary hojalyklara gelýän gaz ulgamlarynyň saz işlemegine gözegçilik edýän bolsalar, içeri öý gaz enjamlary bejeriş gullugynyň işgärleri tiz-tizden öýdäki gaz enjamlarymyzy gözden geçirip, zerur bolan halatynda abatlap durýarlar. Gaz enjamlarymyzda näsazlyk ýüze çykaýan ýagdaýlarynda bolsa edaranyň näsazlygy habar beriş gullugyna jaň edýäris. Bu gullugyň agzybir işgärleri gije-gündiziň dowamynda halkymyzyň hyzmatynda. Şonuň üçin hem etrabymyzyň gazçylaryndan biz diýseň hoşal — diýip, A.Rejepow hoşallyk bilen aýdýar.
Etrapda 9 sany geňeşlik we 1 sany şäher bar. Olaryň ählisinde edaranyň gazçylary tarapyndan gyş möwsümine taýýarlyk işleriniň şu günlerden guramaçylykly alnyp barylýandygynyň şaýady bolduk. Bu ugurda «Boldumsazetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň baş inženeri Şatlyk Kulbaýew bilen başlanan söhbetdeşligimiziň dowamy olaryň gündelik alyp barýan wajyp işleri baradaky gürrüňlere ulaşdy.
— Edaramyzyň gazçylary tebigy gazy ulanyjylary gymmatly «mawy ýangyç» bilen üznüksiz üpjün etmek bilen bir hatarda, meýilnama esasynda öň bar bolan gaz geçirijileriň kuwwatyny artdyrmak we zerur ýerlerini abatlamak ugrunda hem möhüm işleri durmuşa geçirýärler. Bu işlerde aýratyn hem edaranyň daşary gaz geçirijilerine we gaz sazlaýjy enjamlaryna gözegçilik gullugynyň işçi-hünärmenleriniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Gurluşyk-gurnaýyş müdirliginiň Daşoguz welaýatyny gazlaşdyrmak boýunça ülşüniň etrabymyzdaky şahamçasynyň agzalary bilen bilelikde ýerine ýetirýän işleri maksada okgunlylygy bilen häsiýetlidir. Bu gulluga halypa gazçy Guwanç Saryýew ýolbaşçylyk edýär. Gullugyň 50-den gowrak agzasy bolup, olaryň ählisi häzirki wagtda etrap merkezinde we obalarda bar bolan gaz desgalarynda alnyp barylýan gyş möwsümine taýýarlyk işlerine işjeň gatnaşýarlar.
Ýylyň başyndan bäri edaramyzyň gazçylary tarapyndan Guwanç Atamedow adyndaky geňeşligiň Birleşik obasynda öň bar bolan göwrüminiň ölçegi 76 millimetrlik gaz geçirijisiniň 1200 metr ýeriniň durkunyň 114 millimetrlik ululykdaky gaz geçirijisi bilen täzelenmegi, ýurdumyzda hereket edýän Prezident Maksatnamalaryna laýyklykda, täze ilatly ýerleri gazlaşdyrmakda 10 ýyl Abadanlyk geňeşliginiň Abadanlyk we Täze zaman obalarynda emele gelýän täze maşgalalara uzynlygy iki müň metre golaý bolan gaz eltiji ulgamlaryň çekilmegi netijesinde şol ýerde ýaşaýan ilatyň tebigy gaza bolan isleglerini doly kanagatlandyrmaga giň mümkinçilikler döredi. Bu işlerde edaramyzyň daşary gaz geçirijilerine we gaz sazlaýjy enjamlaryna gözegçilik gullugynyň bejeriji slesarlary Mämmet Kerimow, Allanazar Haýydow, Guwanç Orazmedow, Hemra Amanow, şu gullugyň elektrik bilen kebşirleýjisi Orunbaý Saparbaýew, gaz bilen kebşirleýjisi Ýusup Paltaýew, traktorçylar Akmyrat Abylow we Ürbesin Begjanow dagy öz hünär ussatlyklaryny görkezýärler.
Häzirki döwürde olaryň tutanýerli zähmet çekmeklerinde etrabymyzyň Garaşsyzlyk geňeşliginiň Ruhubelent, Zähmetkeş geňeşliginiň Gara ýylgyn obalarynda ölçeginiň ululygy 114 we 159 millimetrlik gaz geçirijilerini reňklemek, zerur bolan ýerleriniň aşagynyň sütünlerini täzelemek işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Munuň özi edaramyzda gyş möwsümine şu günlerden ýokary taýýarlyk görülýändiginiň aýdyň güwäsi. Biz gyşa taýýarlyk işleriniň depginini mundan beýläk hem barha güýçlendireris — diýip, edaranyň baş inženeri Ş.Kulbaýew ynam bilen aýdýar.
Dädebaý NARTYÝEW,
Ussatnews.com.
Maýa goýum syýasaty — Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň mäkäm binýady
Türkmenistanyň yzygiderli we öňdengörüjilikli maýa goýum syýasaty durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň hem-de halkyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Watanymyz — bagtymyz, buýsanjymyz
Watanyňy söýmek — ýurduňa, halkyňa, medeniýetiňe we taryhyňa çuňňur buýsanç hem-de wepalylyk duýgusydyr. Ol diňe bir çuňňur duýgy bolman, eýsem, Watanyňa gulluk etmäge, göbek ganyň daman topragyny goramaga, ýurduň rowaçlygy, halkyň abadançylygy ugrunda yhlasyňy gaýgyrman zähmet çekmäge taýýar bolmakda jemlenýän borçdur.
Türkmenistanyň sanly mediasy — milli KHBS-niň ösüşinde möhüm faktor
Häzirki zaman dünýäsinde sanly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri jemgyýetçilik ösüşiniň iň möhüm bölekleriniň birine öwrülýär. Türkmenistanda bu ugra döwlet derejesinde aýratyn ähmiýeti berilýär, sebäbi sanly media milli bitewüligi pugtalandyrmakda, parahatçylyk, ylalaşyk we ynsanperwerlik ideýalaryny wagyz etmekde, şeýle hem ýurduň oňyn halkara abraýyny kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär.
Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan — bagtyýarlygyň we rowaçlygyň ýurdy
Hoşniýetlilik hemişe adamyň özünden, onuň oý-pikirlerinden, edim-gylymlaryndan we röwşen geljege bolan ynamyndan gözbaş alýar. Adamlaryň döredijilige ymtylýan ýerinde, parahatçylyga, zähmete we özara hormata gadyr goýýan ýerinde belent maksatlar rowaçlanýar.
Derweze krateri babatda türkmen alymlarynyň toplan tejribesi
Gündogar we Merkezi Türkmenistanyň gaz ýataklaryny özleşdirmek babatda taslama we ylmy işleri amala aşyrmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.