Sekiz aýda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2% derejede saklanýar
2022-nji ýylyň 8 aýynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş derejesi 6,2% derejede saklanýar. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde aýtdy.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Diýarymyzda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Şolaryň hatarynda täze şäherçeleri, ýaşaýyş jaýlaryny, dynç alyş-sagaldyş merkezlerini, mekdepleri, çagalar baglaryny hem-de beýleki ençeme desgalary görkezmek bolar.
Şunuň bilen baglylykda, dürli pudaklarda bar bolan uly mümkinçilikleri netijeli peýdalanyp, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi dowam etdirmegiň, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň sanawyny we eksport edilýän ugurlaryny giňeltmegiň wajypdygy nygtaldy.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak üçin zerur çäreleriň görülmelidigini belledi.
Şeýle hem döwlet Baştutany 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetini, geljek ýylyň maýa goýum Maksatnamasyny bellenen möhletde taýýarlamak üçin zerur işleri amala aşyrmak hem-de nebitgaz, himiýa, dokma we gurluşyk senagaty pudaklarynyň önümçilik kuwwatyny, girdejilerini artdyrmak boýunça seljerme geçirmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutany aýtdy we wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisiň barşynda bellenilişi ýaly, maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde sekiz aýyň jemleri boýunça jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. Hasabat döwründe, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn netijeler gazanyldy. Ýurdumyzda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda alnyp barylýan daşary ykdysady syýasatyň netijesinde daşary söwda dolanyşygynyň möçberi, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 38,6 göterim ýokarlandy.
Sekiz aýyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 106,3 göterim, çykdajy bölegi 97,5 göterim ýerine ýetirildi. Býujetiň serişdeleriniň 80,9 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi.
Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 7,5 göterim artdy.
“Merkezi Aziýanyň gaz halkasy” — türkmen gazynyň eksportynda goşmaça ugur bolup biler - GGC
«Merkezi Aziýanyň gaz halkasy» taslamasy türkmen gazynyň eksporty üçin goşmaça sebitleýin ugur döredip biler diýip, Global gaz merkeziniň (GGC, Ženewa) ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisinde belledi.
BOTAŞ Hazarüsti gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Türkiýä we Ýewropa ibermegi ýola goýmagy maksat edinýär
BOTAŞ kompaniýasy üçin türkmen gazyny Hazarüsti turba geçirijisi arkaly Türkiýä daşamak we soňra ony Ýewropa ibermek strategik maksat bolmagynda galýar.
«Türkmengaz» DK-nyň başlygy gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew OGT 2026 halkara maslahatynda Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan etdi.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty açyldy
21-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» Halkara maslahaty öz işine başlady.
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy
Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» halkara sergisi açyldy. Ol 23-nji oktýabra çenli dowam etjek OGT 2026 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde geçirilýär.